Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýygnananlary ýurdumyzyň Hökümetiniň täze düzüminiň tassyklanylmagy bilen gutlady we Ministrler Kabinetiniň düzümine girýän ýolbaşçylaryň ählisine berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň dowamynda A.Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça, A.Begliýew nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedowa söz berdi.

Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreler görüldi.

Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy.

Özara bähbitlilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde daşarky söwdanyň möçberi şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, eksportyň we importyň artdyrylmagynyň hasabyna 40,9 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlaryndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, tebigy gazyň çykarylyşy hem-de onuň eksporta iberilişi, elektrik energiýasynyň öndürilişi we onuň daşary ýurtlara iberilmegi, benziniň, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň, sementiň, çörek we gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk önümleriniň, şöhlat, süýji-köke, et-süýt önümleriniň, şonuň ýaly-da nah ýüplükleriň we matalaryň öndürilişi boýunça ösüş gazanyldy.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda durnukly görkezijiler üpjün edildi. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýolagçy gatnatmak hem-de ýük daşamak boýunça oňyn görkezijiler gazanyldy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,7 göterim artdy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda, 2021-nji ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi ýokarlandy.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüşler gazanyldy.

Hasabatda döwlet Baştutanymyzyň halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durlup geçildi.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň dekabrynda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek” şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny üstünlikli geçirmek maksady bilen görülýän taýýarlyk hem-de guramaçylyk işleri barada hem habar berdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi hem-de ministrligiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 105,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýylyň birinji çärýeginde balans toparlarynyň 26 sany mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň mejlisleriniň 19-sy geçirildi.

Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 3,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 14,6 göterimine barabar boldy.

Ýylyň başyndan bäri maýa goýum maksatnamasy 10,9 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 41,7 göterimi önümçilik, 58,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Oba milli maksatnamasynyň täze, rejelenen görnüşinde kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde duran esasy wezipäniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de maliýe ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýylda garaşylýan netijeleriniň gysga wagtyň içinde düýpli seljermesini geçirmek tabşyryldy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz kiçi we orta kärhanalara karz bermegiň hereket edýän maksatnamasyny giňeltmegi, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz desgalary maliýeleşdirmegi gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmek barada görkezme berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Birinji çärýekde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,7 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnama 121,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 107,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 124,4 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 102,5 göterime, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 107,4 göterime, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň ösüşi 103,4 göterime deň boldy.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hem hasabat berildi. “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak boýunça meýilnama 100,9 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan kömek berilýändigine garamazdan, nebitgaz toplumynyň işinde öňegidişligiň duýulmaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň maliýe ýagdaýyna gözegçiligiň güýçlendirilmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem milli pulda bölünip berlen karz serişdeleriniň hasabyna işleýän önümçilikleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, şol sanda nebitgaz meýdançalaryny abadanlaşdyrmak we guýulary burawlamak üçin bölekleýin ulanmak, önümçilik kuwwatlyklaryny peýdalanmagy artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak we amala aşyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Mundan başga-da, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny we karzlaryny çekmegi işjeňleşdirmek barada görkezmeler berildi. Şeýle hem döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini güýçlendirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça hem işleri has depginli alyp barmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi we bu ýagdaýy çaltrak seljerip, bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän toplumlaryň işinde goýberilen kemçilikler üçin, Ş.Abdrahmanowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi duýduryp, degişli Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, öndürilen önümiň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 133,8 göterime, nah matalaryň önümçiligi 125,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 119,8 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,1 göterime deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 120,7 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 73-si geçirilip, 8 müň 620 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 104,3 göterim ýerine ýetirilip, sergileriň 4-si guraldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 108,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki ýagdaýda söwda pudagynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini nygtap, emele gelen ýagdaýa her gün baha berip durmagy tabşyrdy. Zerur bolanda, durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegi tabşyrdy. Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly iş ýerlerini saklap galmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dokma we haly pudaklaryny ösdürmek meselesine aýratyn ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 159,7 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,6 göterime barabar boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan önüm öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 167,5 göterim amal edildi.

Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek baradaky meýilnama 135,4 göterim berjaý edildi.

Elektroenergiýanyň öndürilişiniň ösüş depgini 116,4 göterime, onuň eksport edilişiniň ösüş depgini 138,7 göterime barabar boldy.

Şu döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 189,9 göterim berjaý edildi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar baradaky meýilnama 122,8 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän gurluşyk we senagat ulgamlaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl dürli desgalary ulanmaga bermek boýunça örän köp çäreleriň bellenilendigini aýdyp, wise-premýere işe giriziljek desgalaryň ählisiniň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy dowam etdirilmelidir.

Ýurdumyz üçin örän zerur bolan Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işine uly üns bermek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere işleriň ýagdaýyny seljermek hem-de öňünde goýan wezipeleri çalt çözmek üçin möhüm çäreleri görmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Okatmagyň häzirki zaman, täzeçil usullary giňden ornaşdyryldy. Okuw kitaplary we okuw gollanmalary neşir edildi. Bilim bermegiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek üçin sanly bilimi ösdürmek ugrunda netijeli işler amala aşyryldy.

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara internet hem-de ders olimpiadalarynda üstünlik gazanyp, altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolmagy ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Milli bilim institutynda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen “Maglumata elýeterlilik merkezi” işe girizildi.

Bilim ulgamynda halkara guramalaryň wekilhanalary bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklar, daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi.

Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary bolan nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, lukmançylyk, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary boýunça ylmy mowzuklary ýerine ýetirmek işleri utgaşdyryldy.

Şu ýylyň başyndan bäri Tomusky Aziýa oýunlaryna, XXXI Tomusky uniwersiada, dünýä we Aziýa çempionatlaryna hem-de beýleki halkara bäsleşiklere türgenleri taýýarlamak işleri dowam etdirildi.

Jemgyýetçilik-syýasy wakalar mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Metbugatda we teleradioýaýlymlarda ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda amala aşyrylýan taryhy özgertmelere bagyşlanan gepleşikler, makalalar hem-de çykyşlar taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde, ýurdumyza dürli ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, tomus paslynyň ýetip gelmegi sebäpli, Aral deňziniň sebitinde emele gelýän howa gurşawy bize aýratyn howp döredýär. Bu ýagdaý tebigata, howa, Aralýaka sebitde ýaşaýan adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda bu ýaramaz täsiriň öňüni almak üçin kabul edilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişini, ylmy merkezleriň, hassahanalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamak, bu işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde her aýda hasabat bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we wagyz-nesihat çäreleri guraldy.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Türkmen hünärmenleri birnäçe halkara duşuşyklara, okuwlara, maslahatlara we sergilere gatnaşdylar.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat we sergi geçirildi.

“Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşleri boýunça işler alnyp baryldy.

Döwlet habarlar agentliginde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we elektron neşirleri resmi maglumatlar bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda degişli düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri nazara alyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň we teleradioýaýlymlaryň hem-de metbugatyň ýolbaşçylarynyň ünsüni gepleşikleriň we makalalaryň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna çekdi.

Bu ulgamda işgärleri seçip almaga we taýýarlamaga uly üns bermek babatda ozal hem birnäçe gezek aýdyldy. Öňde duran ýubileý senelerine, gadymy döwletimiziň we medeniýetimiziň taryhyna bagyşlanan gowy, döwrebap gepleşiklerdir makalalar häzirlikçe görünmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem ilat üçin arassaçylyk meseleleri we ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada giň düşündiriş işlerini dowam etmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşdäki, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şu ýylyň fewral aýynda Hökümet wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy.

Şeýle hem 2022-nji ýylyň 1 — 4-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky däp bolan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, sebit we ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Wise-premýeriň, daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy bar.

Onlaýn tertipde dürli derejedäki duşuşyklaryň 279-sy geçirildi. Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda resminamalaryň 19-syna gol çekildi.

DIM-niň ulgamy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli dowam etdi. Ýylyň başyndan bäri bu ugur boýunça birnäçe duşuşyklar hem-de geňeşmeler geçirildi.

Watanymyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 23-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistana BSG-ä “işjeň synçy” hökmünde goşulyşýan ýurduň derejesiniň berlendigi barada habar berildi.

Şu ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň BMG-niň halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy möhüm ähmiýetli waka hökmünde bellenildi.

Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna başlyklyk edijileriň duşuşygy boldy. Mart aýynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetine başlyklyk edijileriň duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlenip, dünýädäki belli wakalar bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigini nazara alyp, bolup geçýän bu ýagdaýlardan hemişe habarly bolmalydygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri geçirmek barada teklipleri taýýarlamagy hem-de bermegi, aýratyn-da, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu toplum tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime barabar boldy.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — mart aýlarynda ösüş depgini 116,8 göterime, üstaşyr geçirilen ýükleriň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça hyzmat etmek babatyndaky ösüş depgini 138,6 göterime deň boldy.

“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 109 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 107,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, belli bolan wakalar bilen bagly bütin dünýäde girizilen çäklendirmeler zerarly, häzirki wagtda aýry-aýry ulag pudaklarynyň has düýpli kynçylyklary başdan geçirýändigini nygtady. Şoňa görä-de, agentlikleriň maliýe üpjünçiligine aýratyn üns bermek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, bu agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly soraglaryň ýüze çykýandygyny aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna, wise-premýer M.Muhammedow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz zähmet haklaryny tölemek, agentlikleriň sargytlary ýa-da alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa bolmasa, bu pudaklar üçin ýaramaz täsirleri azaltmaga mümkinçilik berjek beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamak babatda görkezmeleri berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Halk Maslahatynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň wekilleri Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisini geçirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bilen baglylykda, wagyz-nesihat we guramaçylyk işlerini alyp bardylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda we Mejlisinde döredilen iş toparlarynda döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär.

Halk Maslahatynyň degişli komitetlerinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň 2-nji aprelde geçirilen nobatdaky maslahatynda kabul edilen kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibini tassyklamak, onda kanunlary seljermek hem-de degişli netijenamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Halk Maslahatynyň agzalary dürli halkara çärelere gatnaşmak hem-de olary ýurdumyzda guramak boýunça parlamentara gatnaşyklary giňeldýärler.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleri barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipelerden ugur alnyp, durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirildi.

Dürli pudaklaryň işini düzgünleşdirýän resminamalaryň birnäçesi kabul edildi hem-de taslamalary taýýarlamak dowam etdirilýär. Ministrliklerden hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilmegi talap edýän hukuk namalary seljerilýär.

Halkara hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri duşuşyklaryň bäşisi, şol sanda sanly ulgam arkaly iki duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen guralan maslahatlaryň 28-sine gatnaşdylar. Şol çäreleriň 22-si sanly ulgam arkaly guraldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti 28-29-njy martda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde gulluk iş saparynda bolup, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisinde welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirildi.

Mundan başga-da, welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, umumy meýdany 195 müň gektar bolan ak ekinlere ösüş suwuny tutmak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Gowaça ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda we ýokary hilli geçirmäge gönükdirilen degişli işler alnyp barylýar. Ýeralma, sogana ideg işleri we gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda sebitde dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, mowzuklaýyn maslahatlar we wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar yzygiderli guralýar.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, maýa goýum serişdelerini özleşdirmek meýilnamasynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça zerur işler alnyp barylýar, gowaça ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, gök-bakja ekinlerine agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurlan saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze toplumyň ulanmaga berilmegine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.

Häkim welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň gurluşygynyň doly tamamlanandygyny we toplumyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýändigini aýdyp, dabaraly çäre mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem gurulýan durmuş maksatly binalaryň, şol sanda Türkmenbaşy şäherinde gurluşygy tamamlanan köpugurly hassahananyň ähmiýeti barada aýdyp, täze toplumyň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek, meýilleşdirilen çäreleriň ýatda galyjy wakalara beslenmegini üpjün etmek babatda häkime hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli esasy çäreleriň Balkan welaýatynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu baýramçylyga taýýarlyk görlüşiniň derejesi bilen gyzyklandy.

Häkim şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri we onuň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda geçiriljek dabaralara hemmetaraplaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, paýhasly pederlerimiziň yhlasy bilen kemala gelen ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy, milli atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ähmiýetlidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň dünýä nusgalyk däp-dessurlarynyň, ýurdumyzyň atşynaslyk ulgamynda we milli atçylyk sportunda ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we bu babatda häkime hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatda maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.

Welaýatyň oba hojalygynda alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak üçin zerur çäreler we möwsümleýin oba hojalyk işleri üstünlikli alnyp barylýar. Meýdandaky ak ekinleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak we beýleki degişli ideg işleri geçirilýär.

Şu ýyl welaýat boýunça 140 müň gektar meýdana gowaça ekiler. Häzirki döwürde ekişi bellenilen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde ýazlyk ýeralma, sogana we gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda welaýatda dürli maksatly çäreleriň göz öňünde tutulýandygy barada hem maglumat berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu maksatnamalaryň çäklerinde, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, suw we gaz geçiriji ulgamlaryň, elektrik üpjünçiliginiň, aragatnaşyk ulgamlarynyň we ýollaryň gurluşyklary dowam edýär.

Şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar. Gurluşyklaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilýär.

Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada aýdyp, bugdaý ekilen meýdanlarda häzirki döwürde ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak we zyýankeşlere, haşal otlara garşy göreşmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýandygy barada aýtdy.

Mundan başga-da, sebitde gowaça ekişini kesgitlenen möhletde tamamlamak üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe söz berildi. Häkim şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilişi barada habar berildi.

Häkim oba hojalygynda alnyp barylýan işler baradaky gürrüňi dowam edip, ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy göreşmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygyny aýtdy.

Gowaça ekişini üstünlikli geçirmek we bu möhüm oba hojalyk möwsümini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin ähli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri degişli derejede dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy mukdarynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 108,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime deň boldy.

Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzda azyk önümlerini öndürmek boýunça gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi. Hususan-da, gök önümleri öndürmekde 137,9 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 113,9 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmekde 103,2 göterim, et önümlerini öndürmekde 101,2 göterim, süýt we süýt önümlerini öndürmekde 100,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama 116,9 göterim berjaý edildi. Düýpli maýa goýumlary, esasan, döwlet maksatnamalarynda bina edilmegi göz öňünde tutulan oba hojalyk desgalarynyň gurluşygyna gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu ulgamda geçirilýän işleriň derejesine nägilelik bildirdi we hususan-da, birnäçe gezek tabşyryk berlendigine garamazdan, häzire çenli ýer kadastrynyň taýýarlanylmandygyny, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek babatda degişli çäreleriň görülmeýändigini aýtdy we bu toplumyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe käýinç yglan etdi hem-de häkimleriň işleriniň netijelerine bolsa, galla oragynyň jemleri boýunça serediljekdigini aýtdy.

Oba hojalygynda wajyp möwsüm bolan galla oragy we pagta ýygymy ýetip gelýär, bu möwsümlere gowy taýýarlyk görülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyryp, importyny azaltmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem içerki bazar özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de onuň mundan beýläk-de durnukly ösmegini gazanmagyň meseleleri barada aýdyp, ýurdumyzyň obasenagat pudagyna sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça hem ähli zerur çäreleri görmek, welaýatlarda owlak-guzy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýylyň yssy döwri bolan tomus möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekip, ýokanç keselleriň ýaýramak mümkinçiliginiň öňüni almak maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine beýleki degişli gulluklar bilen bilelikde ýokanç keselleri ýaýradyp biläýjek çöl haýwanlaryna, zyýankeşlere we mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça gorag çärelerini geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň ähmiýeti barada aýdyp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hem zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär.

Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hususy pudagy ösdürmegi goldamak, ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçilerimizi giňden çekmek syýasatyny amala aşyrýar.

Berkarar döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek hem dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we häzirki döwürde ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Muhammedowa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna ýüzlenip, dürli ýyllarda kabul edilen ähli pudak maksatnamalaryny seljermegi we bu maksatnamalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna gabat getirmek üçin bir aýyň dowamynda seretmegi we teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen uzak möhletleýin maksatnamalary göz öňünde tutup, degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Esasy baýramlarymyz bolan Konstitusiýamyzyň ýubileýine hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlary mynasybetli göz öňünde tutulan çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmek öňümizdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Biz sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberlerini artdyrmak boýunça syýasatymyzy dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri-de alyp barmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şonuň ýaly-da, pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmagyň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işleri geçirmegiň, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/30955/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-44