Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, demokratik esaslaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda Mejlisde kanun taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar. Halk Maslahaty bilen bilelikde döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli çärelere hem-de Türkmenistanyň Dabaraly maslahatyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça işler alnyp barylýar.

Halkara hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň deputatlary BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleri bilen bilelikde guralýan çärelere gatnaşýarlar. Döwlet ösüşiniň täze taryhy eýýamynda Watanymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň many-mazmunyny halka düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Dabaraly maslahata taýýarlyk meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz ähli guramaçylyk meselelerini jikme-jik öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Häzirki wagtda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahata ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde täze kanunçylyk taslamalarynyň birnäçesiniň üstünde işlenilýär. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary wagyz-nesihat çärelerine yzygiderli gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda durmuş-ykdysady wezipeleriň ileri tutulýan ugurlary hasaba alnyp kämilleşdirilýän ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň aýratyn möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Dabaraly maslahatyna hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan beýleki çärelere görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýolgurluşyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna hem-de ygtybarly maliýeleşdirilişine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň edaralary tarapyndan geçirilen seljermeleriň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hususan-da, wise-premýer awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we olary ulanmak boýunça işleriň çenlik ölçeg kadalarynyň hem-de nyrhlarynyň, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň bahalarynyň kesgitlenilmegine degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, agentlik tarapyndan geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän degişli işleriň maliýeleşdirilmegi babatda teklipler beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomobil ýol gurluşygy ulgamynda kadalaşdyryjy resminamalaryň kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belledi. Bu ulgamda alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň anyk çözgüdini tapmagyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ugurdaş düzümler bilen bilelikde bu meseläni has içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Senagat önümçilik desgalarynyň çig mal üpjünçiligini yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, Balkan welaýatynyň çäklerinde degişli gözleg we seljeriş işleri alnyp barylýar. Şunda ylmyň gazananlarynyň, täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, ýüze çykarylan känleriň senagat taýdan özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerine häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini aýtdy. Şunda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak we sanly ulgamy işjeňleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz toplumyň edara-kärhanalarynyň, önümçilik düzümleriniň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk we ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, döwlet edaralaryna, kärhanalara ýer böleklerini bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, ekinlerden bol hasyl almak maksady bilen, pagta ýygymy möwsümini gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek boýunça işler dowam edýär. Hasyly kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnamak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň sebitlerinde bugdaý ekişini geçirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Mundan başga-da, bugdaý ekilen meýdanlara ösüş suwuny bermek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek hem-de ekiş enjamlaryny netijeli ulanmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, ilaty tutuş ýylyň dowamynda gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şeýlelikde, häzirki wagta çenli ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de olary ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň suw howdanlarynda bellenilen meýilnama laýyklykda suw toplamak işleri alnyp barylýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň geçiriljekdigi barada habar berildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, jemgyýetçilik guramalaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini hemişelik hem-de wagtlaýyn peýdalanmaga bölüp bermek boýunça teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň möhümdigine ünsi çekip, şolaryň bu ulgamda öňdebaryjy ylmy usullaryň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pagtanyň — ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gymmatly çig malyň ähmiýetini göz öňünde tutup, onuň hasylyny ýitgisiz, iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin ähli çäreleriň görülmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, ähli zerur işleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmelidigini, sürüm meýdanlarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygyny, olaryň suw bilen ýeterlik üpjün edilmelidigini nygtady. Önüm öndürijilere ýer böleklerini bölüp bermek boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň milli kanunçylyga we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigi bellenilip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow energetika ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak hem-de ugurlaryny köpeltmek boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Häzirki wagtda elektrik energiýasyna barha artýan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, Energetika ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan pudagyň düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de birnäçe möhüm energetika desgalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň aýratyn möhümdigini belläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda bu pudaga uly ornuň degişlidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän işleriň obalaryň we şäherleriň elektrik üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini çözmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýere bu ugurdaky işleriň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer paýtagtymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini giňden baýram etmäge görülýän taýýarlyk we şanly sene mynasybetli paýtagtymyzyň bezeg işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahaty geçirmäge göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak dabaralaryň umumymilli ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere baş şäherimizi baýramçylyk görnüşinde bezemek, ähli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysady ösüşiň gazananlarynyň sergisini guramaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, guralmagy meýilleşdirilýän sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we hususy düzümleriň önümleri görkeziler. Şeýle-de serginiň çäklerinde täze önümler, maýa goýum taslamalary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geljekki uly ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna serginiň işiniň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny hem-de uly üstünliklere ýetilendigini belledi.

Sergileriň guralmagy gazanylan üstünlikleri görkezmek üçin amatly mümkinçilik bolup, bazar meýillerine baha bermegiň, onda öz eýeleýän ornuňy kesgitlemegiň oňaýly usulydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň oktýabr-noýabr aýlarynda birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Noýabr aýynyň üçünji ongünlüginde türkmen paýtagtynda “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu forumyň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini, baý milli mirasyny, aýdym-saz sungatyny wagyz etmekden, dürli ýurtlaryň milli we halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Forumyň çäklerinde ussatlyk sapaklaryny, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary hem-de beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak halkara medeni çäreleriň ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen netijeli ynsanperwer gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, olary guramagyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz öňde boljak “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli taryhy-medeni mirasyny geljekde hemmetaraplaýyn öwrenmekde we dünýäde wagyz etmekde, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym, medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzda Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almak ugrunda kabul edilen toplumlaýyn çäreler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda sebit we halkara derejede alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täsirleriň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy” kabul edildi.

Aral deňziniň sebitiň halklarynyň durmuşyna we saglyk ýagdaýyna, sebitiň ekologik derejesine ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Dürli keselleriň döremeginiň sebäpleri ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurda ylmy-barlag işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny hem-de ilatyň saglygyny goramak üçin çäreleriň geçirilýändigini aýdyp, halkymyzyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň üstünlikli geçmegi, onuň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilen sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem-de täze başlangyçlary öňe sürmegi bilen gutlady. Şeýle-de saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.

Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Türkmenistanyň sanly diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Döwlet maglumat syýasatyny we sanly diplomatiýanyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary netijeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň fewralynda Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň düzüminde “Sanly diplomatiýa” atly bölüm döredildi. Bu bölümiň esasy wezipeleri sanly maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny we halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekden ybaratdyr.

DIM-niň saýtynda “Halkara habarlary” atly internet gazeti onlaýn görnüşde yzygiderli berilýär, şeýle-de onda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan sanly sergi ýerleşdirildi. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipeleriň wajypdygyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda DIM-de maglumat ulgamlaryna gözegçilik bölümi döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň diplomatik gulluklarynyň halkara maglumat giňişligindäki çärelerini işjeňleşdirmek we milli sanly diplomatiýanyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan birnäçe teklipler hödürlenildi. Şeýle-de ýurdumyzyň elektron aragatnaşyk ulgamyny artdyrmak we onuň bitewüligini emele getirmek maksady bilen, özbaşdak Milli sanly tory döretmek teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde kabul edilen Kararnamalary, beýleki halkara resminamalary ýygnamak, beýan etmek we tertipleşdirmek üçin ugurdaş sanly diplomatiýany, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynyň sanly muzeýini döretmek boýunça teklipler aýdyldy.

Ählumumy media giňişliginde Türkmenistan baradaky maglumatlary dessin we yzygiderli ýaýratmak maksady bilen, iri halkara sanly media kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ýakyn wagtda degişli geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň diplomatik we konsullyk işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, programma üpjünçiligini ýola goýmagyň çäklerinde diplomatik gulluklaryň ykjam telefonlary üçin media binýatlaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak teklip edilýär. Onuň işe girizilmegi bilen, ykjam aragatnaşyk arkaly gündelik täzelikleri beýan etmek, raýatlarymyz üçin konsullyk gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmek we durnukly sanly ulgam alşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döredijilik mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegi esasy ugur edinýän Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aýtdy. Şunda ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz elektron media serişdeleriniň, maglumat tehnologiýalarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň täze aragatnaşyk gurşawynyň döredilmegini üpjün edendigini belledi. Häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleri artyp, ol döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda daşary syýasaty, umuman, halkara gatnaşyklary amala aşyrmagyň has netijeli guralyna öwrülen şertlerinde sanly diplomatiýanyň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Işiň bu görnüşiniň netijeli peýdalanylmagy dünýä giňişligindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, gatnaşyklaryň täze guralyny döretmek boýunça giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işinde sanly ulgamyň ösdürilmeginiň halkara bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, onuň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine kybap gelýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen tanyşdyrmaga zerur şertleri üpjün etjekdigini aýtdy hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Täze awtomenzillerde awtobuslara GPS ulgamy arkaly gözegçilik etmäge we olara ýol hatlaryny elektron görnüşde resmileşdirmäge, ýolagçylara onlaýn tertibinde petek satmaga we olara awtobus ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendir. Şeýle-de olarda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ýokary derejeli şertler üpjün edildi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli taýýarlanan degişli meýilnamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň halkyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýändigini, şol bir wagtyň özünde halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Degişli düzümleýin desgalaryň ulanmaga berilmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de agentligiň ýolbaşçysyna awtomenzilleriň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/32896/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-57