Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özgerdiji Lideridir» atly maslahat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda «Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özgerdiji Lideridir» atly maslahatyny geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň  guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri Pena Aşyrow açyp, onda Türkmenistanyň  Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Baýly Seýilow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Arslan Myradow,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Bezirgen Ataýew hem-de Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşiginiň kitaphanaçysy, şahyr Oguljemal Çaryýewa dagylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ösüşlerimiziň, özgerişlerimiziň gözbaşynda duran Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler şeýle-de ýetilen sepgitler barada giňişleýin çykyş edip, Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerine öz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.