Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy we ynanyşmagy dörediji milli Liderdir» atly maslahat

“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerde Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy we ynanyşmagy dörediji milli Liderdir» atly maslahat geçirildi.

Maslahaty Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň prorektory Gulmet Penaýew açyp, Gülşat Mämmedowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Gurbangül Ataýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Bäşim Annagurbanow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Saparmyrat Owganow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Meret Öwlýagulyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedra müdiri, professor, Begenç Mätliýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory hem-de Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty, beýik başlangyçlary esasynda kabul edilen bu resminamalar Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alyp barýan daşary syýasaty dünýä bileleşiginde uly goldaw tapýandygynyň nobatdaky ykrarnamasydygyny uly buýsanç bilen öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýörite habarçymyz.