Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Hytaýda dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we HHR-iň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanda Hytaý bilen gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl deňhukukly, uzak möhletleýin, strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarly ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň resminamalaryň ägirt uly toplumyny özünde jemleýän şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegi köpugurly mümkinçilikleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek arkaly söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda we başga-da birnäçe pudaklar boýunça gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hytaý kompaniýalary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň bilelikde ýerine ýetirilmegi ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak onuň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Ynsanperwer ulgamdaky, aýratyn-da, bilim, ylym, medeniýet, sport we saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugry bolup durýar. HHR-iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen ýaşlary bilim alyp, dürli ugurlar boýunça hünär eýeleri bolýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde hytaý dili bölümleri hereket edýär.

BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ägirt uly döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Goranyş häsiýetine eýe bolan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün edýän Harby doktrina hut şu maksatlara kybap gelýär. Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.

Şunda Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginiň, şeýle hem türkmen tarapynyň oňyn başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň möhüm şerti bolan Bitaraplyk derejesine çuňňur hormat goýýandygy bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän Türkmenistan ygtybarly we öz borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýän, halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan ýurt hökmünde ykrar edildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhe döwrüň synagyndan geçen döwletara gatnaşyklaryň dünýäde abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 

https://tdh.gov.tm/tk/post/31179/turkmenistanyn-prezidenti-hytay-halk-respublikasynyn-dowlet-genesinin-agzasy-goranmak-ministrini-kabul-etdi