Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly wajyp meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýüzlenip, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Russiýa biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň biridir.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy belleniler. Şu döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy we häzirki döwürde örän köp ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar we bilelikdäki işiň beýleki ugurlary döwletara gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Ýokary derejede ýola goýlan açyk, netijeli hyzmatdaşlyk däbe öwrülen türkmen-rus dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmegiň esasy şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara topary, daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri, ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryň dürli görnüşleri ýaly hökümetara hyzmatdaşlygyň gurallary netijeli işleýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigini tassyklap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna, daşary işler ministrine Moskwa şäherine iş sapary bilen gitmegi hem-de Russiýanyň Daşary işler ministrliginde we beýleki döwlet düzümleri bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy. Duşuşyklaryň baş maksady türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly soraglaryň toplumy boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz bu gatnaşyklary uzak möhletleýin geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemegi, şonuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklara, döwlet, parlament we hökümet derejelerinde özara saparlary guramaga, bilelikdäki syýasy forumlary guramaga hem-de geçirmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem russiýaly hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek Aşgabatda şu ýylyň maý aýynda parlament ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlament forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seretmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny depginli ösdürmek, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üpjün etmek, yzygiderli esasda ylym, bilim we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, ýakyn wagtda rus tarapy bilen bilelikde hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygyny guramak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem saparyň dowamynda bu toparyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirmek bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.

Russiýanyň sebitleri bilen Türkmenistanyň göni gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şundan ugur alyp, ýurdumyzyň däbe öwrülen hyzmatdaşlary bolup durýan Russiýa Federasiýasynyň respublikalary, welaýatlary we ülkeleri bilen gatnaşyklaryň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Ylym, bilim, medeni ulgamlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda köp sanly türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamy boýunça gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen ençeme beýleki çäreleri guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny baýram edip bellemäge bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň üstünde işlemegi tabşyrdy. Bu maksatnamada medeniýet bilen bagly meselelere aýratyn üns bermeli.

Ýokarda sanalyp geçilen meseleler we beýlekiler Russiýa Federasiýasyna boljak saparyň esasy meselesine öwrülmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary nazara alyp, Türkmenistanyň wekiliýetini şu ýylyň 21-22-nji fewralynda Moskwa şäherine iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi. Milli Liderimiz resminamany wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna sanly ulgam arkaly ugradyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz dostlukly ýurdumyz bolan Hytaý Halk Respublikasynyň gyşky Olimpiýa oýunlaryny ýokary derejede we dabaraly geçirendigini belläp we olary gutlap, R.Meredowa bu Gutlagy ilçihananyň üsti bilen olara ýetirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowy çagyrdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini ýokary derejede geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek, paýtagtymyzda meýilleşdirilen ähli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny degişli derejede alyp barmak ugrunda ýerine ýetirilýän işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy, şol sanda Halkara zenanlar gününe gabatlanan dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegi, şeýle hem köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagynyň ýazky möwsümine guramaçylykly girişilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň gurluşygyna girişmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde durýan wezipelere laýyklykda, alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli senagat önümleri, edara-kärhanalaryň önümçiligine gerek bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Täjigistan Respublikasy bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde degişli ministrligiň garamagyndaky “Nebitmaş” döwlet kärhanasynda öndürilýän önümleriň çig maly hökmünde ulanylýan sozulan we guýma alýumin taýýarlamalaryny satyn almak üçin Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginden 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belläp, gurluşyk işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň döwrüň ruhuna we bu ugurda bildirilýän talaplara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny belläp, degişli arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de gurluşyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmeginiň senagat pudagynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Ýokary hilli senagat önümçiligini ösdürmekde zerur çig mal hökmünde ulanylýan alýumin önümleriniň getirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemmetaraplaýyn we häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyklykda içgin öwrenilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Olar döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan degişli wezipeler boýunça hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi, gowaça we beýleki ýazlyk ekinleriň ekişine taýýarlyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde häkim Ahal welaýatynyň gök ekerançylarynyň ýazlyk sogan ekişini tamamlandyklary barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ekiş geçirilen ýerlerde degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek, şol bir wagtyň özünde düýelerden köşek almak möwsüminiň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işleri, şol sanda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň daýhanlarynyň ýazlyk sogan ekişini üstünlikli tamamlandyklary hakynda habar berildi.

Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň 19-njy martda badalga beriljek nobatdaky ýazky möwsümini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek, ozal ekilen baglara talabalaýyk ideg etmek, umuman, ýaz-meýdan işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.

Şeýle hem häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümine taýýarlyk işleriniň ýagdaýy, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny çaltlandyrmak, şol bir wagtyň özünde täze ýollary çekmek we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki ekinleriň ekişini ýokary hilli geçirmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem ýazky bag ekmek möwsümine guramaçylykly girişmek, ekiljek bag nahallaryny we ýerleri taýýarlamak meselelerine ylmy esasda çemeleşilýändigi barada hasabat berildi. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine girişmek üçin zerur bolan taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar. Şunda dürli maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki durmuş düzümine degişli desgalaryň şu ýyl üçin bellenen gurluşyklaryny öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatyň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, gowaça ekişini bellenilen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk, ýazlyk gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.

Häkim welaýatyň daýhanlarynyň ýazky sogan ekişini tamamlandyklary barada habar berdi. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda maldarlar üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerini we degişli bag nahallaryny taýýarlamak, onuň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, dürli maksatly desgalaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Öz gezeginde, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýerleri we tehnikalary hem-de gowaça ekişinde ulanyljak gurallary taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň daýhanlarynyň ýazlyk sogan ekişini tamamlandyklaryny habar berdi.

Şu günler sebitiň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek çäresine taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şunda ekiljek bag nahallary her etrabyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ylmy esasda saýlanyp alynýar.

Häzirki döwürde maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler geçirilýär. Welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki binalaryň gurluşygyna möhüm üns berilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri Arkadag Prezidentimize “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň neşir edilmegi hem-de “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdylar we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça edilýän tagallalar, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri, şol bir wagtyň özünde ýazlyk ekiş möwsümine taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi.

Gowaça ekiljek meýdanlaryň 535 müň 229 gektarynda sürüm işleri geçirildi. Munuň özi kesgitlenen işleriň 92,2 göterimine deňdigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de zerur bolan tohumlary möwsüme taýýarlamak işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Şu günler ýurdumyz boýunça sogan ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şeýle hem şu ýyl jemi 30 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirildi. Şu güne çenli jemi 11 müň 361 gektara ýazlyk ýeralma ekilip, bu baradaky meýilnama 37,9 göterim berjaý edildi. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýazky möwsümde ekiljek bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini talabalaýyk geçirmek boýunça guramaçylyk işlerine giň gerim berildi.

Döwlet Baştutanymyz, öňi bilen, gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda ýerine ýetirýän işleri baradaky hasabatlaryny diňläp, meýilleşdirilen ähli oba hojalyk çäreleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi we welaýatlaryň häkimlerine bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny gowaça ekişine taýýarlamak işleri möhüm talap bolup durýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitleriniň ekerançylyk meýdanlarynyň suw akabalaryny arassalamak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, şol bir wagtyň özünde oba hojalyk işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny netijeli peýdalanmak meselelerine uly üns berilmelidigini belläp, bu babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şunda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine üns berilmelidir. Munuň özi halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasy talap bolup durýandygyna ünsi çekip, ýerlerde alnyp barylýan işleriň maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyk ýola goýulmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/30353/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-28