Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda gowaça ekişini agrotehniki möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli oba hojalyk işleriniň geçirilişi, bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň, ösüş suwuny tutmagyň alnyp barlyşy, maýsalary zyýankeşlerden goramak we keselleriň öňüni almak, olara garşy göreş çärelerini guramak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Sebitde ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işler talabalaýyk alnyp barylýar. Ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek ugrunda degişli çäreler görülýär.

Hasabatda Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda halkymyzyň rysgal-berekedi hasaplanýan bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ak ekinlere ideg etmek maksady bilen, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, onuň zyýankeşleriniň öňüni almak boýunça işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini mundan beýläk-de üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň iň jogapkärli möwsümleriniň biri bolan galla oragyna hem taýýarlyk görüp başlamagyň wagtynyň gelendigini belledi we onda ulanyljak kuwwatly kombaýnlary, galla daşaýjy awtoulaglary, beýleki zerur enjamlary, hasyly kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Welaýatda gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek hem-de agrotehniki möhletde tamamlamak üçin oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmegiň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigi bellenildi. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy görülýän çäreler talabalaýyk alnyp barylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Pile öndürmek möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygy aýdylyp, bu babatda häkime degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň haýal depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy.

Häkim ilatyň haýyşyny nazara alyp, welaýatyň merkezi Änew şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidi we onuň ýanynda sadaka berilýän jaýy gurmagyň sogap işleriň biridigini nygtamak bilen, bu teklibi makullady hem-de halkyň islegine görä bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde gowaça ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli agrotehniki işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini bildirilýän talaplara laýyk geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almak, olara garşy göreş çäreleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi.

Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de hasabatda ýüpek gurçugyna ideg edilişi barada aýdyldy.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki oba hojalyk möwsüminde gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň möhüm talap bolup durýandygyny nygtap, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Ekinler zerur möçberde suw hem-de dökün bilen üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda bugdaýa ideg edilişiniň depginini has-da güýçlendirmegi talap edip, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, bugdaý meýdanlarynda zyýankeşleriň, keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň guralyşy ýokary derejede alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda hem galla oragy möwsümine taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny aýdyp, kombaýnlary we ugurdaş tehnikalary abatlamagyň, harmanhanalary hasyly kabul etmäge taýýarlamagyň möhümdigi barada degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek üçin ähli tagallalaryň gaýgyrylmaly däldigi nygtalyp, birnäçe görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz ýüpek gurçugyna ideg edilişine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bildirilýän talabalaýyk gelmegini üpjün etmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň bellenen möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra häkim ilatyň isleglerini nazara alyp, welaýatyň Hazar şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binany gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz metjit we onuň ýanynda sadaka berilýän jaýy gurmak baradaky teklibi makullap, bu ugurdaky işleri halkyň islegine görä ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak üçin işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilýändigi, ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň geçirilişi barada hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleriniň guralyşy barada aýdyldy. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Ekinler zerur möçberde suw hem-de dökün bilen üpjün edilmelidir.

Halkymyzyň saçagynyň berekedi bolan bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegi, ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň, keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň guralyşy üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň möhüm möwsümleriniň biri bolan galla oragyna hem taýýarlyk görüp başlamagyň wagtynyň gelendigini belläp, onda ulanyljak kuwwatly kombaýnlary, galla daşaýjy awtoulaglary, beýleki zerur enjamlary hem-de hasyly kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Welaýatda ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleriniň guralyşyna üns bermegiň zerurdygy bellenilip, gymmatly çig mal hasaplanýan piläniň öz wagtynda tabşyrylyp başlanylmagynyň üpjün edilmelidigi barada görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy berk talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde hem-de şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, häkime käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy.

Häkim ilatyň isleglerini nazara alyp, welaýatyň Ruhubelent etrabynda metjit hem-de onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Ruhubelent etrabynda metjit we sadaka jaýyny gurmak baradaky teklibi goldap, bu ugurdaky işleri halkyň islegine görä amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde gowaça ekişini agrotehniki möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin işleriň guralyşy, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli işleriň talabalaýyk alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Ak ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleri bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylýar.

Mundan başga-da, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek, bu zerur önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek üçin maksatnamalaýyn işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleri guramaçylykly dowam edýär.

Hasabatda Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirip, bol hasyl almagyň möhüm şertidir. Ekinler suw we dökün bilen zerur möçberde üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilişine, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga, olara garşy göreş çäreleriniň guralyşyna uly üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz galla oragyna taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny belledi. Kombaýnlar we orak möwsüminde ulanyljak beýleki tehnikalar doly taýýarlyk ýagdaýyna getirilmelidir, hasyly kabul etjek ammarlar taýýarlanylmalydyr.

Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmegiň, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmegiň hem ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygy barada görkezme berdi. Ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleriniň guralyşy hem yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, bu barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Häkim ilatyň haýyşyny nazara alyp, welaýatyň Döwletli etrabynda metjidiň we onuň ýanynda sadaka berilýän binanyň gurulmagy baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz metjit we onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binany gurmak baradaky teklibi makullap, bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde gowaça ekişiniň alnyp barlyşy, gögeriş alnan meýdanlarda gowaçalara ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bugdaý ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ak ekinlerde zyýankeşleriň we keselleriň öňüni almaga garşy göreş çärelerini talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreler görülýär.

Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek üçin degişli işler geçirilýär. Şu günler ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleri hem bellenen maksatnama laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, hasabatda Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek we agrotehniki möhletde tamamlamak işleriniň geçirilişini, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Ekinler doly möçberde zerur bolan suw we dökün bilen üpjün edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz saçaklarymyzyň berekedi bolan bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýykda geçirilişini, bugdaýyň zyýankeşleriniň, keselleriň öňüni almaga garşy göreş çäreleriniň guralyşyny degişli derejede üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda hem galla oragy möwsümine taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny aýdyp, kombaýnlary we ugurdaş tehnikalary abatlamagyň, harmanhanalary hasyly kabul etmäge taýýarlamagyň möhümdigi barada degişli görkezmeleri berdi.

Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmegiň, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmegiň möhüm talapdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilişi we pile öndürmek işleriniň guralyşy üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewe käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy.

Häkim ilatyň haýyşyny nazara alyp, welaýatyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen binany gurmak baradaky teklip bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz metjit we onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky teklibi makullap, bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Gowaça ekişini gysga möhletde tamamlamak we ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, işler bellenen tertibe laýyklykda dowam edýär. Welaýatlaryň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär.

Bugdaýly meýdanlarda ak ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada hasabat berildi. Hasabatyň çäklerinde sebitlerde ýüpek gurçugyna ideg edilişine we piläniň öndürilmegine degişli alnyp barylýan işler baradaky meselä üns çekilip, şu günler ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynda pileçi-kärendeçileriň pile tabşyryp başlandyklary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz boýunça gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmegiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekip, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we bellenen agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny, ekinleri zyýankeşlerden, kesellerden goramak boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlarda bugdaýa ideg edilişiniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini hem nygtady.

Iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabyny halkymyza sowgat bermegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we milli Liderimizi tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady we öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/31272/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-35