Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitdäki möwsümleýin işler, galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işleriniň guralyşy, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişi, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk dowam etdirilýär. Şunuň bilen bir wagtda ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär. Mundan başga-da, welaýatyň uzak ýaýlalaryndaky, düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek işleriniň guralyşy barada hasabat berildi.

Häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminiň depginini gowşatman, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary gaýgyrmaly däldigine ünsi çekdi. Bu babatda bugdaýy soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin çäreler görülmelidir. Şonuň ýaly-da, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyk alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygy barada aýdyp, bu işleriň milli baýlygymyz bolan bu gymmatly ekiniň bol hasylyny almagy şertlendirýändigini nygtady. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz oňa örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edip, bu ugurda birnäçe tabşyryklary berdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biriniň halkymyzy özümizde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki önümler bilen üpjün etmekden ybaratdygyna üns çekilip, bu babatda ýerine ýetirilýän işlere hem ählitaraplaýyn guramaçylykly çemeleşilmelidigi barada birnäçe görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň uzak ýaýlalaryndaky we düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek işleriniň guralyşyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda haýal-ýagallyga ýol bermeli däldigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny mundan beýläk-de berk gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilýändigi, ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak ugrunda hemme çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Şu günler günbatar sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyryny ekmek işleri gyzgalaňly barýar. Bu ugurda agrotehniki kadalara laýyklykda, ähli zerur işler geçirilýär. Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi maksat edinilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işlerini bildirilýän talaplara laýyklykda, öz möhletinde ulanmaga tabşyrmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragy möwsüminde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm talapdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Orakdan boşan meýdanlarda bolsa sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyk ýerine ýetirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, olaryň bellenen möhletinde, ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde işleriň ýagdaýy, galla oragyny toplumlaýyn guramak, şol sanda galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki kadalara laýyk alyp barmak, gowaça ideg etmek hem-de şaly meýdanlarynda ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek meseleleri boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy doly üpjün etmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin maglumat berdi. Şu ýyl sebitde gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde tamamlanylmagynyň, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sebitiň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergini geçirmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle-de ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, zaýasyz ýygnap almak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde sebitiň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk ýola goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olary bellenen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişi, uzakda ýerleşen kabul ediş nokatlaryndaky galla hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek işleriniň talabalaýyk guralyşy, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem gowaça meýdanlarynda agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg etmek işleriniň ýagdaýy barada aýdyldy.

Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak hem-de bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada-da hasabat berildi. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk dowam edýär. Häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada aýdyp, gurluşygyň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrmak ugrunda zerur işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny ýokary hilli we gysga möhletde tamamlamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan galla hasylyny talabalaýyk saklamak işleriniň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz gowaça we şaly ekilen meýdanlarda bu ekinlere talabalaýyk ideg edilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky öňdebaryjy tejribäni nazara alyp hem-de halkymyzyň daýhançylyk däplerine laýyk ýola goýmak babatda anyk görkezmeleri berdi. Daýhan yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen ýeralmany, gök we bakja ekinlerini öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak, bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmek wajypdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň uzak ýaýlalaryndaky, düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek meselelerini ylmy esasda öwrenmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işleriniň guralyşy, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişi, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň degişli talaplara laýyklykda alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk guralýar. Şunuň bilen bir wagtda ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär.

Mundan başga-da, ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyryny ekmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barlyşy barada hasabat berildi. Häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminiň depginini gowşatman, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary gaýgyrmaly däldigini nygtady. Bu babatda bugdaýy soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin ähli çäreler görülmelidir. Şonuň ýaly-da, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyk alnyp barylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygy barada aýdyp, munuň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileriň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biriniň ilatymyzy özümizde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki önümler bilen üpjün etmekden ybaratdygyna ünsi çekip, bu babatda ýerine ýetirilýän işlere ählitaraplaýyn guramaçylykly çemeleşilmelidigi barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Welaýatlarda galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işlerine uly üns berilýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar wagtynda geçirilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyklykda dowam edýär. Sebitlerde gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almaga möhüm ähmiýet berilýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi batly depginde alnyp barylýar.

Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we ýurdumyzda suw üpjünçiligi boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatlaryň uzak ýaýlalarynda, düzlüklerinde ekilýän ekinleri medeni zolaga geçirmek boýunça işleriň guralyşy barada giňişleýin habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlarda gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmekde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi hem-de bu işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak, ýer kadastryny taýýarlamak, tohumlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini saýlamak, täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwdan rejeli peýdalanmak boýunça teklipleri ýakyn wagtda taýýarlamak barada häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz öňde goýulýan wezipeleriň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, bu işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyny ýokary hilli we gysga möhletde üstünlikli tamamlamak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geljekki bol hasylyň düýbüni tutmak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barlyşyna gözegçilik etmek, ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigi barada degişli görkezmeleri berdi.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda ideg etmek işleri, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz suwy rejeli peýdalanmak meselelerine häzirki zaman ylmy we milli daýhançylyk däpleri esasynda çemeleşilmelidigini belledi hem-de suw üpjünçiligi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň uzak ýaýlalaryndaky we düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, ekin dolanyşygyna geçmek bilen bagly işleri düýpli seljermek, bu ugurda häkimler bilen bilelikde anyk teklipleri taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hasabatyny dowam edip, Gazagystanyň bugdaýyny we un önümlerini Owganystana hem-de Owganystanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky “Çemenabat” maldarçylyk hojalygynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatory hem-de oňa gerek bolan haltalary öndürýän önümçiligi gurmak maksat edinilýär. Bu işleri paýly gatnaşyk esasynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz bu işleriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermekde ähmiýetlidigini nygtap, hödürlenen teklibi içgin öwrenmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky talapdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmakda alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/32122/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-42