Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu hassahana ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýän düzümleriniň üstüni ýetirdi.

Bu günki şatlykly waka Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr. “Döwlet adam üçindir!” şygary bilen alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatda halkymyzyň bagtyýarlygy we rowaçlygy ileri tutulýаn ugurdyr. Milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň uly üstünlikleriniň hatarynda ykrar edildi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.

Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle-de dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de saglygy goraýyş desgalary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynyň başynda — ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde täze dermanhananyň açylandygyny bellemek gerek.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine, dogry iýmitlenmegiň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Bularyň ählisi döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF we beýleki guramalar tarapyndan ykrar edilen oýlanyşykly hem-de durmuş ugurly syýasatynyň anyk netijeleridir. Bu düzümler bilen işjeň we önjeýli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarydyr ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmenistanda birnäçe howply ýokanç keselleriň, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar, şeýle hem BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ýurdumyzyň lukmanlarynyň tejribesini öwrenmek we ýaýmak baradaky maslahatlary milli lukmançylygyň ýeten belent sepgitleriniň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişmegi mynasybetli dabaradaky çykyşynda ýurdumyzda adam saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny aýratyn nygtady. Hut şonuň üçin-de ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesine laýyklykda ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Munuň özi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” adyny alan ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Ol ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

Keselleri öz wagtynda anyklamak, näsaglara netijeli bejergi geçirmek hem-de olara talabalaýyk gözegçilik etmek bu ugurdaky ileri tutulýan wezipelerdir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan we gurulýan saglygy goraýyş desgalary, ilkinji nobatda, döwrebap lukmançylyk merkezleridir hassahanalar bu wezipeleri çözmäge gönükdirilip, halkymyzyň saglygy baradaky bimöçber aladanyň nyşanydyr.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtoulagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň binasynyň ýanyna geldi.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden mübäreklediler. Aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulanmaga berilýän köpugurly hassahananyň esasy girelgesiniň öňünde gurnalan münbere tarap barýar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, obalarymyzy we şäherlerimizi gülledip ösdürmegiň biziň öňümizde esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlara ýaň saljak beýik we tutumly işler amala aşyrylýar. Köp sanly täze binalardyr desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu gününde hem biz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze, döwrebap 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýygnananlary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, biz berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berýäris.

Beden we ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri geçirýäris. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap hassahanalary, saglyk öýlerini, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, şypahanalary, sport toplumlaryny giň gerim bilen gurup ulanmaga berýäris. Ine, şu gün dabaraly açylyp ulanmaga berilýän döwrebap, köpugurly hassahana hem biziň bu aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze hassahana ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleri iň häzirki zaman tehnologiýalary we usullary arkaly bejermäge niýetlenendir. Ýedi gatdan ybarat bu hassahanada 1 müň 200-e golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi.

Hassahanada Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Ýaponiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Niderlandlar Patyşalygynda, Çehiýada, Daniýada, Finlýandiýada, Şweýsariýada, Günorta Koreýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen iň kämil, öňdebaryjy innowasion lukmançylyk enjamlary, saglygy goraýyş maksatly serişdeler ornaşdyryldy.

Täze hassahanada jemi 27 bölüm bolup, olarda adamlaryň saglygyny berkitmek, kesellerini bejermek üçin giň şertler döredildi. Bu ýerde ornaşdyrylan kämil enjamlar ýörite operasiýalaryň ýokary derejede geçirilmegine mümkinçilik berýär. Hassahanada näsaglar üçin hem zerur mümkinçilikler bar. Ýatymlaýyn otaglar bir we iki adama niýetlenip, olarda zerur bolan ähli amatly şertler döredildi.

Hassahananyň goşmaça iki gatdan ybarat binasy esasy bina bilen birleşip, onuň birinji gaty funksional anyklaýyş bölümini, merkezleşdirilen barlaghanany, şöhle bilen anyklaýyş bölümini we kabulhanany öz içine alýar. Ýokarky gaty bolsa operasiýa, sterilizasiýa hem-de ulular we çagalar üçin anesteziologiýa we reanimasiýa, akuşerçilik hem-de bäbekleriň reanimasiýasy bölümlerinden ybaratdyr.

Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alynmagy hem-de maslahatlaryň guralmagynda bökdençligiň bolmazlygy üçin, hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy.

Umuman, dürli görnüşli bejergi işlerini geçirmäge niýetlenen we häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu köpugurly hassahana ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we näsaglary döwrebap usullarda bejermekde ýurdumyzda esasy merkezleriň birine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bereris. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde şunuň ýaly döwrebap, iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we serişdeleri bilen üpjün edilen hassahanalarydyr saglygy goraýyş maksatly desgalary giň gerim bilen gurarys. Çünki ynsan saglygy ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini, şeýle hem Balkan welaýatynyň ilatyny häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän täze köpugurly hassahananyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerine bolsa ynsan saglygyny goramak ýaly asylly hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Goý, bu döwrebap hassahana uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etsin!

Dabara gatnaşyjylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy iň hormatly myhman hökmünde ak ýektaýly çagalar öz çykyşlary bilen garşy alýarlar.

Soňra täze hassahananyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, näsaglar we lukmanlar üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşdyrylyş başlanýar.

Bu döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Hassahananyň umumy meýdany 10,5 gektary eýeläp, binanyň meýdany 41 müň 156 inedördül metre deňdir. Bu ýerde näsaglaryň ýatymlaýyn we gatnap bejergi almagy hem-de saglygyny dikeltmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

7 gatly toplumda 27 bölüm, şol sanda funksional anyklaýyş bölümi, otorinolaringologiýa, neýrohirurgiýa, iç keselleri, tiz kömek, fizioterapiýa we dikeldiş, anesteziologiýa we reanimasiýa, şeýle hem maslahat beriş, çaga keselleri, newrologiýa, endokrinologiýa, kardiologiýa, stomatologiýa bölümleri, gan banky, merkezleşdirilen barlaghana we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz binanyň birinji gatynda ýerleşen gemodializ otagyna barýar.

Lukman döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, bu ýerde ornaşdyrylan innowasion enjamlar bilen tanyşdyrdy. Ilki bilen, Germaniýanyň “Frezenius” önüm öndürijisiniň emeli böwrek enjamlary görkezildi. Bu enjamlar häzirki döwrüň ähli talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, uly ýaşly adamlar we çagalar üçin hem niýetlenendir.

Çagalar üçin niýetlenen emeli böwrek enjamy bolsa Balkan welaýatynda ilkinji gezek gurnalan has kämil enjamdyr. Bellenilişi ýaly, bu enjam ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiliginde ganyň düzümindäki zäherleýji maddalary aýyrmak maksady bilen, bedenden daşary gan arassalaýyş usullaryny geçirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu enjamy içgin synlady. Onuň kömegi bilen ýiti böwrek ýetmezçiliginde we arterial gan basyşynyň pes ýagdaýlarynda bedenden daşary gan arassalaýyş usullarynyň dürli görnüşlerini geçirip bolýar.

Ýaş lukman bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň iň ýokary halkara talaplara laýyk gelýändigini belläp, döwlet Baştutanymyza Balkan welaýatynyň ähli lukmançylyk işgärleriniň adyndan täze hassahananyň ulanmaga berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine köpugurly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dogrumdan soňky bölümiň ýatymlaýyn otagyna baryp gördi.

Bölümiň lukmany giň we ýagty otagy görkezip, Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň täze binasynda raýatlaryň saglygyny berkitmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Bir we iki orunlyk otaglar rahat mebeller, tehniki enjamlar, şahsy gigiýena üçin niýetlenen toplumlar bilen üpjün edilipdir. Olaryň ählisi merkezleşdirilen kislorod beriş ulgamyna birikdirilendir.

Döwlet Baştutanymyza ýörite elektrik hereketlendirijileriniň kömegi bilen näsaga amatly bolan ýagdaýlary sazlaýan krowat görkezildi. Lukman bu döredilýän şertleriň “Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolan adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda, keselleriň öňüni almakda, olary netijeli bejermekde uly ähmiýete eýedigini belläp, täze hassahananyň işgärleriniň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Bu ýerde Türkmenistanda işleýän, dabaralara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar — BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary täze açylan hassahananyň ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzy şanly waka bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow olara şu dabara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda dünýäniň abraýly guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu gatda ýerleşýän anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine bardy.

Lukman döwlet Baştutanymyzy bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdyrdy.

Anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi 42 orundan ybarat bolup, agyr ýagdaýda gelýän näsaglara — uly ýaşlylara, çagalara, enelere hem-de bäbeklere ýokary hilli ýöriteleşdirilen, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, intensiw bejergi çärelerini geçirmek, operasiýa döwründe ýokary hilli agyrysyzlandyrmany üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Döwlet Baştutanymyza elektrik hereketlendirijileriň kömegi bilen dürli taraplara üýtgedip bolýan krowat görkezildi. Düşekçeleri ýyladyjy häsiýetli bolup, tolkun görnüşli hereket edip, uzak wagtlap bejergi alýan näsaglarda döräp biljek agyr ýaralaryň öňüni almakda uly ýardam berýändigi onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Soňra GFR-de öndürilen emeli dem beriş enjamy görkezildi. Şeýle-de bu bölüm her näsag üçin aýratyn kardiomonitorlar, infuzomatlar, perfuzomatlar we göçme rentgen hem-de ultrases barlag enjamlary bilen doly üpjün edilendir.

Bölümde ornaşdyrylan kardiomonitorlar ýörite programmanyň üsti bilen merkezleşdirilen gözegçilik bekedine birikdirilendir. Bekediň esasy maksady bölümde bejergi alýan hassalaryň ýagdaýy baradaky görkezijiler: ýürek uruş, dem alyş, arterial gan basyş, beden gyzgynyny ölçemek üçin ähli amatlyklary döredýär we ýüze çykýan gaýragoýulmasyz ýagdaýlary wagtynda anyklamaga hem-de gyssagly lukmançylyk kömegini bermäge ýardam edýär.

Lukman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleri bolan ilatyň saglygyny goramakda we adamyň ömür dowamlylygyny uzaltmakda uly goşant goşjak täze hassahananyň ulanmaga berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ähli bilimlerini we tejribelerini ulanyp, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz operasiýa bölümine bardy.

Lukman-hirurg bölümiň işi we bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar barada gürrüň berdi. Operasiýa bölümi 12 sany operasiýa otagyndan ybarat bolup, onuň düzüminde umumy hirurgiýa, trawmatologiýa, neýrohirurgiýa, akuşer-ginekologiýa, göz keselleri, ortopediýa ugurly operasiýa otaglary bar. Bulardan başga-da, gaýragoýulmasyz tiz kömek bölüminde gyssagly operasiýalary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen operasiýa otagy hem bar.

Döwlet Baştutanymyza dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary görkezildi. Olaryň hatarynda az kesimli operasiýa amallaryny geçirmäge mümkinçilik berýän endoskopiýa enjamy, Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň köpugurly göçme rentgen enjamy bar. Bu enjamyň kömegi bilen patalogik ojagyň ýerleşýän ýerini kynçylyksyz tapyp, anyk kesgitlemek bolýar.

Soňra reanimasiýa we operasiýa bölümleri üçin enjamlary öndürýän Germaniýanyň dünýä belli kompaniýasynyň hirurgiýa stoly bilen tanyşdyryldy. Bu stol dürli taraplara üýtgedilip, näsagy operasiýa etmek üçin amatly ýagdaýy saýlap almaga mümkinçilik berýär. Germaniýada öndürilen emeli dem beriji enjam umumy agyrysyzlandyrma geçirmek üçin ulanylýar.

Germaniýanyň önümi bolan argon plazmaly koagulýator enjamynyň adaty kaogulýatordan tapawudy, ol uly göwrümli gan akmalary dokuma galtaşmazdan saklamak üçin niýetlenendir. Ol adaty göz bilen görüp bolmaýan mikrohirurgiýa amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Soňra lukman hormatly Prezidentimize edýän aladalary we taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk arzuw etdi.

Operasiýa bölümini synlanyndan soňra, döwlet Baştutanymyz şöhle bilen anyklaýyş bölümine bardy.

Angiografiýa otagynyň lukmany amaly lukmançylykda gabat gelýän endowaskulýar operasiýalaryny ýokary derejede geçirmäge ýardam berýän iň döwrebap enjamlary uly buýsanç bilen görkezdi.

Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň “Artis Zee” angiografiýa enjamy merkezi we çetki gan damarlaryna kontrast derman serişdesini goýbermek arkaly, näsaglary ýerinden gozgamazdan, onuň barlanýan beden agzasynyň dürli tarapyndan rentgen şekiline monitor arkaly syn etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu enjam bedeniň iri we ownuk gan damarlarynyň keselleriniň irki döwründe, ýüregiň dogabitdi we gazanylan kemisliklerini anyklamaga, ýürek içi boşluklaryň basyşyny ölçemäge niýetlenendir. Bu enjam gan damarlarynyň daralmagyna we dykylmagyna getirýän dürli kesellerde kateter arkaly damaryň içinde dürli amallary, şeýle hem stentirleme operasiýasyny geçirmäge ýardam berýär.

Angiografiýa otagynyň lukmany döwlet Baştutanymyza dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan bu ajaýyp hassahana üçin çäksiz hoşallygyny beýan edip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine giň gerimli işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rentgen otagynyň enjamlary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyza Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň önümi bolan rentgen enjamy görkezildi. Ol beden agzalaryny we dokumalaryny ýokary hilli görmäge hem-de dem alyş ýollaryna wideogözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Göçme rentgen enjamy agyr hassalary ýerinden gozgamasyz barlamaga we şol bir wagtyň özünde onuň beden agzalarynyň suratyny almaga niýetlenendir.

Lukman hormatly Prezidentimize ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalarda işlemäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, özleri barada edilýän alada jogap hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň raýatlarynyň saglygyny goramagyň bähbidine bilimlerini hem-de tejribesini aýaman, yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz magnit-rezonans tomografiýa otagyna bardy. Bu ýerde Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň magnit-rezonans tomograf enjamy görkezildi. Bu enjamyň birnäçe aýratynlyklary bardyr, onuň has ownuk şekilleri görmekde mümkinçiligi ýokary bolup, kelle beýnisiniň dokumasynyň üýtgeşmelerini, oňurga ýiligini barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem operasiýalar geçirilende içki beden agzalarynyň gan üpjünçiligini, işjeň ýagdaýyny we nerw süýümleriniň geçirijiliginiň ýollaryny barlamakda bu enjamyň uly ähmiýeti bar.

Lukmanyň habar berşi ýaly, bu enjam magnit meýdanynyň güýçli bolmagy sebäpli, agyr näsaglarda we çagalarda barlagy iki esse tizleşdirilen ýagdaýda geçirmäge ukyplydyr. Enjamyň ýatalgasynyň diametri adatdakylardan has giň bolup, uly agramly we ýapyk giňişlikden gorkýan näsaglary barlamaga doly mümkinçilik berýär.

Lukman deňizýaka sebitiň ýaşaýjylary üçin gymmatly peşgeş bolan bu döwrebap hassahana üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, raýatlaryň saglygyny üpjün etmek ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Öz gezeginde, kompýuter tomografiýasy otagynyň lukmany döwlet Baştutanymyzy bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar bilen tanyşdyrdy. Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň kompýuter tomograf enjamy uly agramly näsaglary barlamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem 64 kesimde dürli näsazlyklary, şol sanda kelle beýnisiniň çiş kesellerini, gan aýlanyşygynyň bozulmalaryny we beýleki zeperlenmeleri irki döwürde ýüze çykarýar. Enjam täze “FAST CARE” tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Bu bolsa barlag geçirilende şöhläniň zyýanly täsirinden goraýar. Şeýle-de kontrast serişdesini damar içine goýbermek arkaly içki beden agzalaryndaky dörän keselleri has takyk anyklamakda ähmiýeti uludyr.

Bu merkezde ornaşdyrylan döwrebap enjamlar ýokanç däl keselleri irki döwürde anyklamaga we netijeli bejergini bellemäge mümkinçilik berer.

Lukman köpugurly hassahananyň işgärleriniň halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow barlaghana bölümine ugrady. Bu ýerde lukman Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan biohimiki enjamyny görkezdi. Bu enjamyň kömegi bilen ganyň düzümindäki beloklary, bilirubini, holesterini we olaryň fraksiýalaryny, fermentleri, elektrolitleri, glýukoza, glýukolizirlenen gemoglobin ýaly barlaglary geçirmek bolýar.

Ýaponiýada öndürilen koagulometr enjamy ganyň lagtalanma ulgamynyň işjeňligini kesgitleýär. Bu enjam ganyň çalt we haýal lagtalanmagyny irki döwürde anyklamaga, bu keseli derman serişdeleri bilen bejermegi kesgitlemäge ýardam berýär.

Soňra hormatly Prezidentimize Malaýziýada öndürilen polimeraz zynjyrly reaksiýany (PZR) geçirýän barlag enjamy görkezildi. Bu enjam biohimiki, molekulýar anyklaýyş we nesil yzarlaýjy keselleriň barlaglaryny geçirmäge ukyplydyr. Onuň esasy wezipesi ganyň düzümindäki DNK we RNK zynjyrlarynyň üsti bilen bar bolan ýokançly wiruslary ýüze çykarmakdyr.

Barlaghananyň işgärleriniň ýokary hünär we bilim derejeleri çylşyrymly kompýuter programmalarynyň kömegi bilen laboratoriýa barlaglaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär.

Lukman bölümde döredilen şertleriň iň ýokary halkara talaplara doly laýyk gelýändigini belläp, döwlet Baştutanymyza edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de ähli kärdeşleriniň adyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Hassahananyň öz derejesine doly laýyk gelmek bilen, köpugurly lukmançylyk işlerini ýerine ýetirýändigini bellemek gerek. Meselem, maslahat beriş bölümi terapewtiň, hirurgyň, oftalmologyň, otolaringologyň we beýleki hünärmenleriň otaglaryndan ybarat bolup, olaryň her birinde keselleri irki döwürde anyklamaga we öz wagtynda bejergi geçirmäge niýetlenen lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylandyr.

Funksional anyklaýyş bölüminde ýerleşýän ultrases barlag otagynda “Aсuson NХ3 Elite” ultrases enjamy ornaşdyrylandyr. Barlag ýollarynyň köpdürlüligi we köpugurlylygy bilen tapawutlanýan bu innowasion enjam dürli ugurlarda, şol sanda endokrinologiýa, newrologiýa we çaga lukmançylygy ugurlarynda ultrases barlaglarynyň geçirilmegine niýetlenendir.

Kardiolog lukmanynyň otagynda elektrokardiograf, elektroensefalograf, spirograf we weloergometr enjamlary bar. “Eсhosens” fransuz kompaniýasynyň fibroskan enjamy bagryň fibroz üýtgemelerini we ondaky zeperlenmeleri doly hem-de takyk anyklamaga mümkinçilik berýär.

Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň “Aсuson Sequoia 512” enjamy ultrases enjamlarynyň iň kämilleriniň biridir. Ol uly ýaşlylarda, çagalarda we bäbeklerde ehokardiografiýa barlaglaryny geçirmäge mümkinçilik berýär.

Hassahananyň ýatymlaýyn bölümi hirurgiýa, trawmatologiýa, terapiýa, onkologiýa, operasiýa, kardiologiýa, uroandrologiýa, stomatologiýa, neýrotrawmotologiýa, fizioterapiýa we dikeldiş, anesteziologiýa we reanimasiýa, toksikologiýa we gemodializ, gan banky, äň-ýüz hirurgiýasy bilen bilelikdäki gulak-burun-bokurdak bölümlerinden ybaratdyr. Bu bölümlerde näsaglaryň ýatymlaýyn bejergi almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.

Otaglar bir we iki adam üçin niýetlenip, olaryň her birinde aýratyn, şahsy gigiýena otaglary bar. Otaglardaky krowatlaryň ählisi köpugurly bolup, näsagy islendik ýagdaýda ýatyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem krowatlaryň her biri gyssagly ýagdaý dörän wagtynda saglygy goraýyş işgärlerini çagyrmak üçin niýetlenen düwmeler bilen üpjün edilendir.

Gan bankynda-da döwrebap enjamlar ornaşdyrylypdyr. ABŞ-nyň “HAEMONETIСS” kompaniýasynyň “PСS-2” plazmaferez enjamy, Germaniýanyň “FRESENIUS” kompaniýasynyň ganyň üznüksiz autotransfuziýasy üçin niýetlenen “С.A.T.S” enjamy, “Thermo Sсientifiс Heraeus Сryofuge 5500i” refrežirator sentrifuga enjamy, oňaýly kürsüler we beýlekiler lukmanlaryň ygtyýaryndadyr.

“Bloodmobile” awtobusy donory barlamak, gan ýygnamak we merkeze alyp gitmek işlerini göçme şertlerde amala aşyrýar.

Kardiologiýa bölümi hem ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän hassalary bejermek üçin ähli zerur bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Germaniýada öndürilen, batareýada işleýän daşky iki kameraly “Biotronik Reoсor D” EKG enjamy elektrodlar arkaly wagtlaýyn elektrokardiostimulýasiýa işini amala aşyryp bilýär.

Neýrohirurgiýa bölümi hem ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilendir. Germaniýanyň “Zeiss Mediteс” kompaniýasynyň “OPMI Pentero 900” operasiýa mikroskopy çylşyrymly neýrohirurgiýa operasiýalaryny geçirmäge niýetlenendir. “Yellow 560” multiwizion intraoperasiýa moduly operasiýa wagtynda angiografiýa barlagynyň geçirilmegine mümkinçilik bermek bilen, neýroonkologiýada hem peýdalanylýar.

Koreýa Respublikasynyň “Genesis” kompaniýasynyň dyz bogunlarynda endoprotizirlemegi ýerine ýetirmäge niýetlenen toplum, Germaniýanyň “AESСULAP” kompaniýasynyň “Varios” toplumy bogunlarda nerw we siňir damarlarynda ýöriteleşdirilen operasiýalary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär.

Fizioterapiýa we dikeldiş bölüminde ornaşdyrylan trenažýorlar iri hem-de ownuk bogunlaryň hereketlerini dikeltmek üçin niýetlenen enjamlar hassalaryň geçirilen keselden soňra dikeldiş döwrüni agyrysyz geçirmeklerine, işe ukyplylygynyň çalt dikeldilip, maýyp bolmak howpunyň öňüni almaga niýetlenendir.

Bölümde Niderlandlar Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň wakuum terapiýasy, elektroterapiýa, magnit terapiýasy, gidrokolonoterapiýa, mikroýygylykly terapiýa, lazer terapiýasy üçin niýetlenen döwrebap fizioterapiýa enjamlary ornaşdyrylandyr.

Hassahananyň ähli bölümleri lukmançylyk hyzmatlaryny bermek üçin zerur bolan maglumatlary tiz wagtda alyşmak, maslahatlar guralanda näsazlyklaryň öňüni almaga niýetlenen pnewmopoçtalar bilen baglanyşdyrylandyr.

Tiz kömek bölüminde hem ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilen döwrebap awtoulaglar parky bar. Mundan başga-da, hassahanada kömekçi otaglar — giň naharhana, kir ýuwulýan ýer we beýlekiler bar. Onuň çäginde näsaglara tiz kömek bermek hem-de olary hassahana çalt getirmek üçin sebitiň alysdaky ýerlerine barmak üçin niýetlenen dikuçar meýdançasy ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hassahana bilen tanyşlygy tamamlap, maslahatlar zalyna barýar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenbaşy şäherinde häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze, köpugurly hassahananyň açylyp ulanmaga berlendigini belledi. Bu hassahana özboluşly hem-de döwrebap lukmançylyk edarasydyr. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, kesellerini bejermekde onuň ähmiýeti uly bolar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýygnananlary bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa söz berildi. Ol täze we döwrebap saglygy goraýyş toplumynyň açylandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylara Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana halkara güwänamalaryň 3-siniň, hususan-da, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Surih şäherindäki Federal tehnologiýa institutynyň “Ýokary tehnologiýalar” güwänamasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlary boýunça Maks Plank institutynyň “Ýokary hil” güwänamasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň “Ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawly hassahana” güwänamasynyň berlendigini habar berdi.

Bu güwänamalar we degişli nyşanlar köpugurly hassahananyň ýokary hiliniň, onuň ekologik howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň hem-de dürli keselleri anyklamakda we bejermekde ýokary netijeli lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylmagy halkymyzyň saglygyny goramak barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap toplumlary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çärelerdir.

Soňra döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň gurlup ulanmaga berilmeginiň welaýatyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam etmegiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady.

Ýakyn wagtda Daşoguzda, soňra bolsa Ahal welaýatynda hem häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanalar gurlup ulanmaga berler. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegi ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli hereket edýär. Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi halkymyzyň saglygynyň berkidilmegini, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagy üpjün edýär.

Aýratyn nygtalyşy ýaly, bu maksatnamanyň esasy maksady ýüze çykan keselleri bejermek däl-de, eýsem, olaryň öňüni almakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde dünýäde pandemiýa ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi ugrunda ägirt uly işler bitirilýär. Mundan başga-da, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga möhüm ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli talaplara laýyklykda dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, eger-de sagdyn ene bolmasa, onda sagdyn perzent bolmaýar. Şu nukdaýnazardan, çagalaryň berk bedenli, sagdyn bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzüminde somatiki (çagalykdan galýan) kesellere garşy merkezi döretmegiň zerurdygyny nygtap, bu merkeziň paýtagtymyzdaky Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň ýanyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ýüzlenip, häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Stomatologiýa merkezine ýüz tutýanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, şeýlelikde, merkeziň çägini we оnuň mümkinçiliklerini artdyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny nazara alyp, hökmany ýagdaýda Aşgabatda ýene-de bir döwrebap Stomatologiýa merkezini gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, täze Stomatologiýa merkezi şäheriň “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň gabat garşysyndaky boş ýerde gurulsa, maksadalaýyk bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer S.Toýlyýewe, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde degişli işleri geçirip, täze Stomatologiýa merkeziniň ýerleşjek ýeri we onuň gurluşygy boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahananyň açylmagy mynasybetli ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu hassahananyň halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegini arzuw etdi we Hormatly myhmanlaryň kitabynda şu günki şanly wakanyň hormatyna ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahananyň işgärlerine ýene-de bir gezek işlerinde üstünlik arzuw edip, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjak täze lukmançylyk edarasyna sowgat hökmünde ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden paýtagtymyza ugrady.

***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli degişli düzümleri bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, günbatar sebitde-de halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, tebigy gorlary yzygiderli özleşdirmek, halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny çalt depginler bilen ösdürmek bilen bagly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäheri hem düýbünden täze keşbe eýe bolup, onda durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgini giň gerimli gurluşyk işlerinde öz beýanyny tapýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek durmuş maksatly gurluşygyň möhüm ugrudyr. Şonuň netijesinde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak bellenildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetine ynanyldy.

Düzümleýin desgalara içerki we daşarky suw geçirijileri, lagym, elektrik hem-de gaz geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlary çekiler, topluma gelýän hem-de ondaky awtoulag ýollary, pyýadalar üçin ýanýodalar abadanlaşdyrylar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň her biriniň täze taslamasy işlenip düzülende, diňe bir ýaşaýyş toplumynyň ýerleşişi däl, eýsem, jaýlaryň howlusynda oňaýly şertleri döretmegiň däpleri hem göz öňünde tutulýar. Giň we döwrebap enjamlaşdyrylan kömekçi jaýlary bolan öýleri gurmak kada öwrüldi. Aşhanasy, naharhanasy, giň girelgesi bolan öýler ýokary amatlylygy bilen tapawutlanýar.

Ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylda doly taýýar edip, ulanmaga bermek bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz jaý toýuny toýlaýanlaryň şatlygyny paýlaşyp, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyşyna, şonuň ýaly-da, täze toplumlaryň düýbüniň tutulyş dabaralaryna gatnaşýar, binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen tanşyp, olara ýaşaýjylar üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly zerur bellikleri girizýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmagy-da muny aýdyň görkezýär. Bu bolsa ýurdumyzda halkyň abadan durmuşy baradaky alada uly üns berilýändiginiň nyşanydyr. Ol döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

...Ir bilen täze gurluşygyň başlanýan ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Estrada aýdymçylary, bagşylar, folklor toparlary şu günki dabara mynasybetli taýýarlanan konsert bilen çykyş etdiler.

Dabara ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Çykyş edenler şu gün gurluşygyna badalga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolandygyny aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, şäherleriň hem-de obalaryň keşbiniň özgermegi, täze ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy “Döwlet adam üçindir!” ýörelgesine esaslanýan durmuş ugurly syýasatyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir güwäsidir.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa halkymyzyň rowaçlygy baradaky aladasy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň ägirt uly gerimi, bina edilen köp sanly zawod-fabrikler, lukmançylyk, medeni hem-de sport merkezleri, orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary soňky ýyllarda ösüşiň täze belentliklerine tarap batly depginler bilen öňe barýan ata Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň özboluşly beýanydyr.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/31018/turkmenistanyn-prezidenti-turkmenbasy-saherindaki-kopugurly-hassahananyn-acylys-dabarasyna-gatnasdy