Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda Russiýanyň holdinginiň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtap, dürli ulgamlarda ýöriteleşen “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini kanagatlanma bilen belledi. Soňky ýyllarda Sankt-Peterburgyň köpugurly holdingi ýurdumyzda gurlan ýol-ulag düzüminiň iri desgalarynyň birnäçesiniň potratçysy boldy.

Häzir “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary Aşgabadyň günorta böleginde sil suwuny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrýar. Igor Bukato bu möhüm inženerçilik-tehniki desgadaky işleriň barşy barada hasabat berip, holdingiň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ony giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler strategiýasy bilen şertlendirilendir. Şunda türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň ýurdumyzyň daşary ýurtly işewür toparlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoluna düşmek bilen, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga, ugurdaş düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu babatda Russiýanyň öňden bäri hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlan esasy kompaniýalarynyň iň gowy tejribesini netijeli ulanmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň ahyrynda işewür döwlet Baştutanymyza işjeň söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň bildirilen ynama uly hormat goýýandygyny hem-de üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/31506/turkmenistanyn-prezidenti-wozrozdeniye-taslama-gurlusyk-kompaniyalar-toparynyn-yolbascysyny-kabul-etdi