Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek başlandy

2022-nji ýylyň 12-nji martynda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan başlanýar. Öňünden ses bermek her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.

Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylaryň saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklarynyň bardygyny aýtmak bolar. Öňünden ses bermek saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastoklarynda geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-si döredildi: şol sanda Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272,  Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 549, Aşgabat şäherinde  310 saýlaw uçastoklary döredildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.

Bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 12-nji martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  synçylar topary saýlaw möwsümine syn etmeklerini dowam edýär. Halkara synçylar eýýäm Aşgabat şäheriniň dürli saýlaw uçastoklarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşy, uçastok toparlarynyň düzümi bilen, şeýle-de, öňünden ses bermegiň gidişi bilen tanyşdylar.