“Täze eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiň häzirki zaman şertleri we sanly ulgamlaryň mümkinçilikleri” atly maslahat

Şu gün Türkmenistanyň  Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň,  jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamaklarynda “Täze eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiň häzirki zaman şertleri we sanly ulgamlaryň mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.