Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Hormatly ýaşulularymyz ýaşlar üçin görelde mekdebidir” atly baýramçylyk duşuşygy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Hormatly ýaşulularymyz ýaşlar üçin görelde mekdebidir” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarda zähmet işjeňler gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Italmaz Saparlyýew, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Çaryguly Ataýew hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew çykyş etdiler.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelge esasynda durmuşa geçirilýän taryhy işler, şeýle-de halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň edýän beýik dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.  Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ata-babalarymyzyň baý tejribelerine hormat goýmak, ýaşuly neslimize sala salmak, halk bilen maslahat geçirmek ýaly däplere hemişe eýerilýändigi, ýaňy-ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň munuň aýdyň subutnamasydygy nygtalyp geçildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza döredilýän giň mümkinçilikler, üns-aladalar üçin özleriniň sagbolsunlaryny aýtdylar.

Ýörite habarçymyz.