«Zähmetsöýerlik biziň döwletliligimiz we bagtyýarlygymyzdyr!» atly maslahat

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Zähmetsöýerlik biziň döwletliligimiz we bagtyýarlygymyzdyr!» atly maslahat geçirildi.