Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek çäresi, ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 8-nji maýda başlandy we guramaçylykly dowam edýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän mejlislerde we ýygnaklarda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň deputatlygyna halkyň has mynasyp wekilleri dalaşgärlige hödürlenilýär. Ähli saýlaw okruglarynda bir deputatyň ýerine birnäçe dalaşgär hödürlenilýär. Munuň özi saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigini görkezýär.
Çykyş edýänler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, il içindäki, işdeşleriniň arasyndaky abraýy, guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Dalaşgärleriň uly abraýdan peýdalanýan zähmetsöýer adamlardygyny, olaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.
Jemgyýetçilik-syýasy çärä milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk esasynda, kadalara laýyklykda geçirilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu saýlawlarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 76-sy bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy. Raýatlaryň erk-islegini beýan etmäge mümkinçilik döretjek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen tanyşdyrmak maksady bilen, üç okrugyň — Aşgabat şäheriniň, Berkararlyk hem-de Köpetdag etraplarynyň saýlaw toparlarynyň agzalary üçin merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan okuw maslahatlary geçirildi.
Ýerlerde okrug we uçastok saýlaw toparlary hereket edýär. Merkezi saýlaw topary tarapyndan okrug, uçastok saýlaw toparlary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar üçin olaryň ygtyýarlyklary, bu syýasy çäräni geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýan ýörite gollanmalar taýýarlanyldy. Häzirki wagtda üç okrugyň çäklerinde 60 saýlaw uçastogy döredildi. Olaryň hemmesi degişli guramaçylyk enjamlary, saýlawlar boýunça maglumatlar bilen üpjün edildi hem-de olarda maglumat, usulyýet edebiýaty, Saýlaw kodeksi çap edilen kitaplar, kadalaşdyryjy namalar bar.
Şeýlelikde, dalaşgärleri hödürlemek 6-njy iýuna çenli, olary bellige almak bolsa 11-nji iýuna çenli dowam eder. Dalaşgärler okrug saýlaw toparlarynda bellige alnar. Şondan soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary boýunça telewideniýedäki çykyşlary, degişli saýlaw okruglarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän, täze taryhy döwrüň özgertmeler syýasatynyň binýadyny emele getirýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň güwäsi bolar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
https://tdh.gov.tm/tk/post/40820/saylawlara-tayyarlygyn-mohum-tapgyry