Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamalaryna garaldy. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna ugradyldy.

Şeýle-de ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Mejlisiň wekilleri degişli döwlet edaralary bilen bilelikde halkara guramalar tarapyndan guralan hem-de döwlet dolandyryşynyň usulyýetiniň esaslary, adam we ynsanperwer hukuklar babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, logistika, ulag düzümlerini ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak we uýgunlaşma çäreleri bilen baglanyşykly maslahatlara, duşuşyklara gatnaşdylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji we ýigrimi birinji maslahatlarynda kabul edilen Kanunlar boýunça Halk Maslahatynyň degişli komitetlerinde ara alyp maslahatlaşmalar we seljerme işleri geçirilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag, energetika, ekologik abadançylygy berkarar etmek, musulman ýurtlaryndan bolan bosgunlara kömek bermek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňe süren teklipleri Samarkant sammitine gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Özbegistan Respublikasyna saparynyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy hormatly Arkadagymyzyň halkara jemgyýetçilikdäki belent abraý-mertebesiniň aýdyň nyşanydyr.

12-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda bolup, pagtaçylar we gallaçylar bilen duşuşdy, olaryň hal-ýagdaýy, zähmet şertleri bilen gyzyklandy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň çörek önümleri kärhanasyna baryp gördi we ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow degişli önümçilik desgalarynyň talabalaýyk ulanylmagyny üpjün etmäge degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ulgamdaky işi kadalaşdyrýan Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp, kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan Kanun esasynda ygtyýarly edara hökmünde bellenen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan birnäçe resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Resminamalaryň taslamalary Adalat ministrligi hem-de degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen bellenen tertipde deslapdan ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün etmek, önümçilik ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işiň yzygiderli, döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin hukuk gurallaryny ulanmak arkaly alnyp barylmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hem-de tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Geçen ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär. Täsin “Galkynyş” käniniň täze gaz guýularynda gazyň goşmaça möçberiniň alynmagyna garaşylýar. Bu gaz guýularynyň işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de “Galkynyş” gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ornuny nygtady we nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň bu ulgamdaky düýpli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli ulanylýar. Ekin meýdanlarynda mineral dökünleri bermek, gögeriş suwuny tutmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle-de şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba hojalygynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi we ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Häzirki wagtda, ekin meýdanlaryny suwarmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak üçin täze suw howdanlary gurlup ulanmaga berilýär, hereket edýän suw howdanlary giňeldilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri amala aşyrýandygyny, bu babatda görülýän çäreleriň suw serişdelerini rejeli ulanmagy, goşmaça suw howdanlaryny döretmegi göz öňünde tutýandygyny, munuň bolsa oba hojalygynda ulanylýan suwuň täze gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýändigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşilýändigini aýdyp, wise-premýere şu gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, 2023-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi, täze şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesiniň, birnäçe önümçilik maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzyň kuwwatynyň hem-de rowaçlygynyň aýdyň nyşanlaryna öwrülýän senagat we medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygy boýunça işleri depginli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ählisi bilen bilelikde geljek ýylda dabaraly ýagdaýda açyljak binalardyr desgalaryň sanawyny ýene-de bir gezek içgin seljermegi we öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak boýunça işleriň çäklerinde görülýän çäreler, hususan-da, gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleridir önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek maksady bilen, hereket edýän önümçilikleriň işlerinde zerur bolan serişdeleri satyn almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň hem-de uly isleg bildirilýän gurluşyk önümleriniň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryndan has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 29-30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu çärelere, esasan, agajy, plastik we demir önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de olara sanly ulgam, elektron programma üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar. Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlaryň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň anyk subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, wise-premýere bu çäreleri geçirmäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer käbir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndaky üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi babatda degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu meselä ünsi çekip, olaryň işiniň ähmiýetini nygtady. Bu toparlaryň işi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 28 — 30-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek we aýawly saklamak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer 23 — 25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda şeýle medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de wise-premýer 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiriljek “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmegiň, bu ugurda amala aşyrylýan ylmy işleriň we barlaglaryň, medeni gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde wagyz etmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady hem-de wise-premýere halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow öňümizdäki aýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara olimpiadalar barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 5 — 7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadany geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda geçirilýän işleriň we halkara derejedäki aň-paýhas bäsleşikleriniň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi hem-de şeýle çäreleriň diňe bir zehinli türkmen ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer ylymly-bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, Watana wepaly türkmen ýaşlaryny terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, wagyz-düşündiriş işlerini güýçlendirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda “Arkadagly ýaşlar” atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň döwletimizi we jemgyýetimizi okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini ýerine ýetirmegiň üstünliklerini kesgitleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz täze elektron neşiriň döredilmeginiň wajypdygyny we derwaýysdygyny belläp, onuň örän gyzykly, çuň manyly bolmalydygyny, zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hökümet we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we BAE-niň beýleki maliýe düzümleri bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ynsanperwer ulgamdaky, bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hormatly Prezidentimiziň öňümizdäki resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi. Saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna pugta ygrarlydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Uly kuwwatyň bolmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary derejede geçiriljek gepleşikler häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag we kommunikasiýa pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň talaplaryna laýyk getirilip, yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmagyň hem-de demir ýol ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz otlularyň we ulag serişdeleriniň hereketiniň ýygylygy bilen baglylykda, demir ýollaryň gorag zolaklarynyň dürli sazlaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydygyny belledi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi we agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe meselelere garalandygyny we degişli resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/33673/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-65