Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň şu saparyna öz ýurdunda iki doganlyk halkyň dostlugyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädim, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigini nygtady. Şu ýerde ozal BAE ençeme gezek sapar bilen baran Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan goşandy aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşlere beslenen özgertmeleri amala aşyrmak ugrunda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri uly ruhubelentlik bilen kabul edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanyp, yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de birnäçe halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Özara ynanyşmagyň köpýyllyk hyzmatdaşlykdaky tejribesiniň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga umumy meýillerini görkezýän iki ýurduň hoşniýetli erkiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumy özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Aşgabada gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, Birleşen Arap Emirlikleriniň dürli ugurlarda gazanan ägirt uly üstünlikleri esasynda dünýäde giň meşhurlyga eýe bolandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň oňyn häsiýeti köp babatda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň tagallalary bilen şertlendirilendir. Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, işewür gatnaşyklara itergi berilmegi babatda pikirlerini beýan edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda BAE amala aşyran iş saparynyň dowamynda “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtadylar. BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri ählumumy sergide iň gowularyň biri diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň pawilýonyna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ony ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşyp, däp bolan hyzmatdaşlygy onuň ägirt uly kuwwatyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. Hususan-da, BAE-niň Dubaý şäherinde türkmen halylarynyň söwdasyna ýöriteleşdirilen dükanyň açylmagyna üns çekildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda ädilen ýene-de bir möhüm ädimdir. Şu babatda häzirki saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça işewürlik maslahatynyň geçiriljekdigi nygtaldy.

Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, olaryň dünýäniň söwda we ulag-aragatnaşyk çatryklarynda amatly ýerleşmegi özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, ylym, bilim, medeniýet, sungat ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi döwlet Baştutanymyza özüniň ömür ýoly we alyp barýan işleri baradaky kitaby sowgat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum Türkmenistanyň we BAE-niň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini hem-de olary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek belläp, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/33713/turkmenistanyn-prezidenti-birlesen-arap-emirliklerinin-wise-prezidenti-premyer-ministri-bilen-dususdy