Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz özüniň BAE resmi saparyna deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerinde guralýan iki ýurduň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine täze itergi berýän waka hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belläp, biziň ýurdumyza ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BAE ilkinji resmi saparynyň, onuň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, geljegi uly ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda, nebiti gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagaty we ulag ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan uzak möhletleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesine daýanmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagy ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny giňeltmekde Türkmenistanyň ýangyç-energetika kuwwatynyň we dünýäniň ulag-kommunikasiýa ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmeginiň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, biziň ýurdumyzyň BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewürler toparlarynyň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyklar mahalynda gazhimiýa senagatynda, ulag-logistika, maliýe ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara maýa goýum hem-de karz serişdelerini çekmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp, bu gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de taraplar ulag ugry boýunça, hususan-da, deňiz, demir ýol we howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýä deňiz portlary ulgamyna birikdirmek üçin Abu-Dabiniň Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli boljakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini, iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, şeýle ýokary bahanyň ýurtda işewürligi ýöretmek üçin ähli şertleriň bardygyna, ozaly bilen, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine hem-de okgunly ykdysady ösüşe esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki banky döretmek we iki ýurtda-da onuň wekilhanalaryny açmak barada teklip beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, munuň üçin Türkmenistan tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda bilelikdäki ynsanperwer ugurly taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi, sport ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hoşlaşanlarynda, gatnaşyklary giňeltmäge özara islegiň iki ýurduň halklarynyň bähbidine iş ýüzünde netijeli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/33711/turkmenistanyn-prezidenti-bae-nin-ministrler-kabinetinin-baslygynyn-orunbasary-prezidentin-dolandyrys-ministri-bilen-dususdy