Türkmenistanyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň düzümlerini kämilleşdirmegiň möhüm wezipelerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetiň demokratik esaslaryny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda milli parlamentiň wekillerine, olaryň alyp barýan işlerine möhüm orun degişli bolup durýar. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde öňde durýan wezipeleriň amal edilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Hormatly Arkadagymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, häzirki döwrüň ösüşiň zamanasydygyny, durmuşyň bir ýerde durmaýandygyny, yzygiderli ösüp-özgerip barýandygyny belläp, onuň täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýandygyna we öňki garaýyşlaryň üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar. Şeýdip, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär.

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamynyň döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde hem-de dolandyrmakda toplan baý tejribesiniň, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleriniň göz öňünde tutulyp amala aşyrylýandygyny aýtdy. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge, hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Size mälim bolşy ýaly, biz mundan iki ýyl ozal döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan parlamenti iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşine öwürdik. Häzirki döwürde olar öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrýar diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Häzirki döwrüň ösüp-özgerip barýandygyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz döwrüň şu talaplaryndan ugur alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şoňa görä-de, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes edilýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar.

Täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy;

Türkmenistanyň Prezidenti;

Mejlisiň Başlygy;

Ýokary kazyýetiň başlygy;

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary;

Mejlisiň deputatlary;

Ministrler Kabinetiniň agzalary;

Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy;

Baş prokuror;

adalat ministri;

welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri;

welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary;

etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary;

syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary;

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilse, dogry bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna:

1) ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak;

2) döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek;

4) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek;

5) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner.

Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işini guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün etmegi Halk Maslahatynyň Diwany amala aşyrar. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň üstüne welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek wezipesi ýüklense, ýerli halk maslahatlarynyň has netijeli işlemegi üçin amatly bolardy diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz öňe sürlen teklipler barada maslahata gatnaşýanlaryň pikirleriniň diňlenilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Maslahatda, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy T.Öwezowa söz berildi. Ol çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly döwletlilik ýörelgelerini gujur-gaýrat, egsilmez yhlas bilen dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda uzak geljegi nazarlaýan düýpli özgertmeleriň, giň möçberi maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtap, ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratik ýol bilen ösdürmegiň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň, ösen raýat jemgyýetini kemala getirmegiň, kanunçylyk binýadyny berkitmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn belledi.

T.Öwezow döwleti dolandyrmakda milli tejribämizden ugur almak bilen, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes edip, ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasyny bir palataly ulgama öwürmek baradaky taryhy ähmiýetli teklibiň doly goldanylýandygyny aýtdy.

Ol hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň, döwre mynasyp watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemekde, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýratyn belledi. Bu taryhy ähmiýetli başlangyç döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolan halkymyzyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda nusgalyk derejede üpjün edilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň bir palataly ulgama öwrülmegi Mejlisiň deputatlarynyň wakalaryň jümmüşinde bolup, döwrüň öňe süren meselelerine öz wagtynda seslenmegi, ösen bazar ykdysadyýetli, ynsanperwer, adalatly jemgyýetimiziň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi üçin oňaýly şertleri döreder.

T.Öwezow çykyşynyň ahyrynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde döwlet derejesinde döredilýän giň mümkinçiliklerden, milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek barada Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan netijeli peýdalanyp, ak ýürekden zähmet çekjekdigine ynandyrdy. Şeýle hem ol halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dowamatynyň dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy B.Myradowa söz berdi. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly şygar astynda geçýän 2023-nji ýyla aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlik bilen gadam basandygyny belläp, ata-babalarymyzyň «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähiminden ugur alnyp, döwleti dolandyrmakda demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakdaky toplanan köpasyrlyk milli tejribä daýanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Ol şu günki maslahatda hormatly Arkadagymyzyň eden çuň manyly çykyşyny uly buýsanç bilen diňländiklerini we jemgyýetiň hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek barada öňe sürlen başlangyçlaryň ýurdumyzyň bu ugurdaky geljekki ösüşiniň kepilidigini belledi. Aýratyn-da, kanunçylyk ulgamyny ykdysadyýetiň ösýän depginlerine laýyk getirmek, parlament ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bir palataly ulgama geçirmek babatda hormatly Arkadagymyzyň öňe süren tekliplerini tüýs ýürekden goldaýandyklaryny, bu çözgüdiň kanun çykaryjylyk ösüş ýolunyň esasy ugurlaryny kesgitlejekdigini, bu möhüm özgertmeleriň halkymyzyň aýdyň geljegini gurmaga we döretmäge uly itergi berjekdigini aýtdy.

Dünýäde ykdysady, syýasy ýagdaýlar örän çalt üýtgeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Täze taryhy döwürde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary, ileri tutulýan ugurlary, adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünlikler hem-de iň öňdebaryjy halkara tejribe nazara alnyp, döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklip tüýs ýürekden goldanylýar diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy nygtady.

Hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyjynyň halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe boljakdygyna ynam bildirýändigini aýdyp, B.Myradowa döwletimiziň durmuşynda möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýeri boljak bu wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşjakdygyny, onuň il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi döwlet dolandyryşynda ýaşlaryň gujur-gaýratyna, ukybyna uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze taryhy döwürde Watany söýmek, halka hyzmat etmek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alyp, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp goşant goşmak ugrunda tagalla edýändiklerini bellemek ýakymly.

Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlary bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözleri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ol Watan, halk baradaky aladalaryň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlarynyň öz beýanyny tapmagynyň halkymyzyň nurana geljege bolan ynamyny has-da berkidýändigini belledi we Arkadagymyza alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyz häzirki döwürde kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralaryň işini kämilleşdirmegiň, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralarynyň adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak babatda durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy J.Gylyçmyradowa söz berdi.

J.Gylyçmyradowa çykyşynyň başynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir türkmen halkynyň döredijilikli zähmeti bilen röwşen geljegini gurýan ýurdumyzyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändigini nygtady. Şunda uzak geljegi nazarlap kabul edilýän giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň milli kanunçylyk binýady halkara tejribä laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Ol häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ilatyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynyň üpjün edilmeginiň ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm şertleriniň birine öwrülendigini belledi.

Ol Gahryman Arkadagymyzyň adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki tejribeden hem-de türkmen halkynyň milli mirasyndan ugur alýan döwletlilik ýörelgelerine esaslanyp, Türkmenistanyň ähli halkynyň bähbidine wekilçilik edýän, ýokary wekilçilikli edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes edip, milli parlamentimizi bir palataly ulgama öwürmek baradaky teklibini tüýs ýürekden goldaýandyklaryny nygtady. Munuň özi ata Watanymyzyň ajaýyp geljeginiň bähbidine döwleti dolandyrmakda halkymyzyň milli özboluşlylygynyň we demokratik ýörelgeleriniň dowamy bolmak bilen, ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze bir möhüm ädim bolar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygyny bütin dünýä äşgär edýän bu taryhy başlangyjyň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmak, il-ýurt bähbitli meseleleriň halkyň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülmegini üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleriň nobatdaky beýanydyr. Tutuş halkymyzyň döwletiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi beýik sepgitlere ýetmegiň ýolunda, türkmen döwletiniň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň we degişli çözgütleri kabul etmeginiň döwletiň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigine taryhy tejribeler aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda ähli halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegiň milli demokratik ýörelgelerimize hem-de oňyn dünýä tejribesine laýyk gelýän kämil kanunçylyk binýadyny emele getirmek, Siziň taryhy ähmiýetli başlangyjyňyzy giň halk köpçüligine düşündirmek üçin ähli tagallalary etjekdigimize ynandyrýarys diýip, J.Gylyçmyradowa sözüni jemledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy Ý.Haýytjanowa söz berdi. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir gününiň uly ösüşlere we döredijilikli işlere beslenýändigini belläp, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak üçin ähli ugurlarda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şunda hormatly Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly syýasatynyň netijesinde mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilendigi, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galandygy nygtaldy.

Täze taryhy döwürde döwlet derejesinde yzygiderli goldaw berilmegi, zerur mümkinçilikleriň döredilmegi esasynda jemgyýetiň we döwlet durmuşynyň has möhüm ugurlarynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine, adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, Ý.Haýytjanow hormatly Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjynyň ähmiýetini nygtady. Munuň özi ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren, halallyga, ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgelerini, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarly ösüş ýoluny geçen ýyllarynda hukuk we durmuş ulgamynda toplan tejribesini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bähbidine wekilçilik edýän edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibini doly goldaýandyklaryny aýdyp, Ý.Haýytjanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň jemgyýetiň syýasy ulgamyny kämilleşdirmegi, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däbine eýerip, möhüm çözgütleriň kabul edilmegini, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, çözgütleriň erkin ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi üçin mümkinçilikleri üpjün edýändigini aýratyn nygtady.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda raýat jemgyýetini, hukuk döwletini berkarar etmäge gönükdirilendir. Başy başlanan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet dolandyryşy ulgamynyň kanunçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerini öz içine alýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasyny ýatyryp, milli parlamenti bir palataly ulgama öwürmek baradaky teklibiň taryhy ähmiýeti bardyr. Milli parlamentiň bir palataly ulgama öwrülmegi döwletimiziň dünýäniň durmuş-ykdysady we sanly tehnologiýalar giňişligine goşulýan şertlerinde halkara ülňülere laýyk gelýän kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwlet dolandyryşynyň çeýe ulgamyny döretmäge ýardam eder diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy belledi we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşandyny goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Arkadagymyz çykyş edenleriň hemmesine minnetdarlyk bildirip, öňe sürlen teklipleriň goldanylmagynyň başy başlanan asylly işleriň rowaçlyklara beslenmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Görnüşi ýaly, çykyş edenleriň ählisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes edip, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmegi goldady. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde, aýratyn-da, kanunçylyk işiniň kämilleşdirilmeginde ähmiýetli bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Karara gol çekdiler. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklip bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bellenildi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda milli döwlet gurmak we dolandyrmak meselelerinde toplanan baý taryhy tejribä daýanmak arkaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Degişli resminamalara gol çekilenden soňra, hormatly Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki indiki maslahatynyň on günüň dowamynda geçiriljekdigini belläp, şunuň bilen bagly guramaçylyk meselelerini çözmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýörite hatyň ýollanyljakdygyny, makullanylan halatynda, guramaçylyk işine girişiljekdigini aýtdy. Onda ýokarda agzalan topar tarapyndan taýýarlanyljak ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de onuň käbir maddalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek bilen baglanyşykly, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Konstitusion kanunlaryň taslamalaryna seredilip, olaryň kabul ediljekdigini belledi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň bilelikdäki maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/34332/turkmenistanyn-kanun-cykaryjy-hakimiyetinin-duzumlerini-kamillesdirmegin-mohum-wezipelerine-garaldy