Makalalar

Şöhratly menziller

Bu gün Türkmenistan Diýary Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen ganatly setirlerini özüne baýdak edinip, ak ýollardan röwşen geljege bedew bady bilen ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz arzuwlaryň hasyl bolýan ajaýyp jenneti mekanyna öwrüldi.

Turkmen

Mukaddes borç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, durmuşa geçirilýän beýik işler özüniň oňyn netijelerini we miwelerini berýär. Ýurdumyzda guralýan köp sanly täze binalar we desgalar, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler Garaşsyzlygymyzyň bize beren ajaýyp miweleridir.

Turkmen

Ajaýyp ösüşleriň waspçysy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy buýsanç bilen bellenilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly ýyllaryň birine öwrülýär.

Halkymyzyň asudalygyny, bagtyýarlygyny, jan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň başda durmagynda halk hojalygynyň hemme pudaklary ajaýyp ösüşlere eýe bolýar. Ilatyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly işler alnyp barylýar.

Turkmen

Aýdyň wezipelerden ugur alyp

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň täzelenýän, demokratik ýörelgeleriň barha rowaçlanýan we kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilýän zamanasynda biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny uly buýsanç bilen belläp geçdik. Beýik özgerişlere hem-de ösüşlere beslenýän ajaýyp günlerde ýene bir buýsançly baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni golaýlap gelýär. Agzybir halkymyz bu şanly senäni hem ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär.

Turkmen

TÄZE DÖKÜN

Deňiz kirpileri çuňluklardaky merjen gaýalarda ýaşaýan mör-möjeklerdir. Olar Tasmaniýanyň gündogar kenarynda juda kän we käbir deňiz haýwanlarynyň köpelmegi üçin howp döredýärler. Ýerli hökümet deňiz kirpilerini häzire çenli peýdaly maksat üçin ulanmagy başarmadyk hem bolsa, geljekde bu jandarlary dökün hökmünde ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Turkmen

Arkadagyň ak ýollary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygy bilen ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy. Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlary anyk kesgitlenilýär. Şolara laýyklykda ýurdumyzda häzirkizaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny durmuşa işjeň ornaşdyrmak boýunça işler bökdençsiz durmuşa geçirilip, awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Turkmen

Alkyş size, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Babadaýhan etrabynda täze, iri dokma toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Bu dokma toplumynyň açylyşyna Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi we etrabyň ähli zähmetkeşlerini mähirli gutlamagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada oňa gatnaşan ildeşlerimiziň göwün göteriji, buýsançly sözlerini diňlemek, olaryň şatlygyny deň paýlaşmak biz üçin has-da ýakymly boldy.

Turkmen

Baş maksat — halkyň abadan ýaşaýşy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenýär. Muňa düýn günbatar sebitde il-ulsumyz üçin bähbitli desgalaryň birbada üçüsiniň — Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň, «KamAZ» kysymly awtoulaglara abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň, Magtymguly etrabynda bolsa 50 orunlyk köpugurly hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Turkmen

Ösüşlere beslenýän sebit

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we medeni-durmuş ulgamlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly ösüşleriň ýylyna öwürýär. Bu ajaýyp künjegiň her bir ýaşaýjysy mähriban Watanymyzda ähli babatlarda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işlere gönüden-göni dahyllydyklaryna buýsanyp, merdana halkymyza şeýle bagtyýar günleri peşgeş beren eziz Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş aýdýar.

Turkmen

Watanymyz — guwanjymyz

Agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen toýlady. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjy, bagtyýarlygyň, döwletliligiň we agzybirligiň aýdyň nyşany. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda, has takygy, 25-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletli maslahat — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi.

Turkmen

Pages