Makalalar

ÝURT GARŞY ALSYN!

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen barha gülläp ösýän Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, beýik üstünliklere beslenip gelýär. Ynha, şeýle bagtyýarlyga beslenen günlerde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň Garaşsyzlyk ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi.

Turkmen

HARMANLAR BARHA BEÝGELÝÄR

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň tagallasy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda pagtanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Etrabyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, şu ýyl gowaçanyň «Ýolöten-7», «Jeýhun» görnüşleriniň ekilmegi hasylyň bol bolmagyna getirdi.

Turkmen

JAÝ TOÝLARY TUTULÝAR

Döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk syýasatynda adamlar baradaky alada, türkmenistanlylaryň ýaşamaklary, işlemekleri hem-de dynç almaklary üçin amatly we zerur şertleri döretmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Turkmen

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI TAGLYMAT

Türkmenistanyň daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermek bilen, onuň esasynda dünýä döwletleri bilen giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Häzirki wagtda ynamly öňe barýan we sazlaşykly ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Turkmen

YHLASLY ZÄHMETIŇ MIWESI

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bilen bir hatarda, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, ene toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döredip berýär. Dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny yzygiderli satyn alyp berýär.

Turkmen

BERKARARLYGYŇ BELENT WASPY

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyň “Howpsyz, özerkli ýaşaýyşyň galasy!” atly bölüminde  mukaddes Garaşsyzlygyň gözbaşlary we esaslary barada gürrüň berilýär. “Türkmen halky – döwlet häkimýetiniň ýeke-täk eýesi!” atly bölüminde taryhy maglumatlar beýan edilýär. Kitabyň “Budur Türkmen binasy!” atly bölüminde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar, ýurdumyzda geçirilen konstitusion özgertmeler we iki palataly parlamentiň döredilişi öz beýanyny tapýar.

Turkmen

Ata seýsiň nebereleri.

Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Köneürgenç we S.Türkmenbaşy etraplarynda Ata seýis diýlende, tanamaýan az bolsa gerek.Şol ýyllar etrap, welaýat derejelerindäki çärelerde hem-de obalarda  geçirilýän toý baýramlarynda onuň seýislän atlary yzygider baýrakly orunlary elden bermeýärdi.Toýlarda, at çapyşykly ýaryşlarda ol Garaguş, Meleguş, Torguş diýen atlary çapyp aýlawy baglapdy.

Turkmen

ARKADAGYMYZYŇ TÄZE KITAPLARY halkymyz üçin bahasyz gymmatlykdyr

Şu günler welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda, edara-kärhanalarynda, guramalarynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň, şeýle-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şanly ýylymyzyň taryhy günlerinde ildeşlerimize sowgat eden täze ajaýyp kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär.

Turkmen

GARAŞSYZLYK — GÜLLÄP ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

Döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ösüş ýoly türkmen halkynyň durmuşyna, aň-düşünjesine düýpli täsir eden, ählumumy ösüşe goşulyşmaga uly şertleri döreden taryhy döwürdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän oýlanyşykly, yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde Türkmenistan gülläp ösýän, kuwwatly ösüş binýatlaryny kemala getiren ýurda öwrüldi.

Turkmen

Pages