Makalalar

Bagtyýar durmuşyň özeni

Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepili bolan oňyn özgertmeleriň maksadalaýyk amala aşmagy, ozaly bilen, ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen nurana sözi bar. Şeýle ajaýyp şygaryň astynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Turkmen

Milli gymmatlyga sarpa

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat «Ösüşli ýollarymyzyň nyşany — ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we milli mirasydyr» diýlip atlandyryldy. Ony Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty, Mejlisi hem-de Demokratik partiýa jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

Turkmen

Täze döwrüň ruhy joşguny

Kalplara egsilmez buýsanç paýlap gelýän ýyllar berkarar döwletimizde şanly wakalara, ajaýyp taryhy senelere beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem turuwbaşdan köňül joşduryjy wakalara baýdygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň joşgunly goşgy setirlerinden ylham alan halkymyz bedew batly ösüşleri nazarlap, bagtyýar geljege ynamly barýar.

Turkmen

Täze eýýamyň täze desgasy

Ýakynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde gurlan häzirki zaman tehniki uglerod (gurum) öndürýän zawod açylyp, ulanylmaga berildi.

ABŞ-nyň, Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp gurlan bu zawod ýylda 3 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Bu ajaýyp zawody türkmen telekeçileriniň gurmagy bizi has-da guwandyrýar.

Turkmen

Источник счастья и благополучия

В эру Возрождения новой эпохи могущественного государства под руководством уважаемого Президента во всех сферах нашей нейтральной Отчизны, в том числе в системе здравоохранения, реализуются комплексные программные меры. В Основном Законе – Конституции Туркменистана, определено, что наивысшей ценностью общества и государства является человек. Исходя из этого и следуя инициированной Героем Аркадагом гуманной внутренней политике, проводится целевая работа по повышению уровня жизни туркменистанцев, обеспечению их здоровья.

Turkmen

"Watan diňe halky bilen Watandyr!"

“Daşoguz habarlary” gazeti

14.02.2022 ý

 

Turkmen

Tutumly işlere badalga

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi, onda il gün bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Mejlisiň dowamynda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işlere giňişleýin seljerme berildi.

Turkmen

Şabadyň kenary — bagtyň mekany

Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň ägirt uly toplumy amala aşyryldy. Ýurdumyzyň paýtagtyny we sebitlerini gyradeň ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler dünýä nusgalykdyr.

Turkmen

Alkyşlara beslenen ak arzuwlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalara bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjynyň egsilmezdigine geçirilýän dürli çäreleriň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Welaýat kitaphanasy bilen bilelikde bu medeni ojakda geçiren maslahatymyzam şeýle çäreleriň biri bolup, ol «Ýoluňyz ak, işleriňiz rowaç bolsun!» diýlip atlandyryldy.

Turkmen

Gelse Nowruz äleme...

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen ili ýene bir şanly senäni — Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi garşy alýar. Bu baýram ýurdumyzyň ähli künjeginde şatlyk-şagalaň bilen, ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda baharyň gelmegi bilen, Gün özüniň ýagty şöhlesi bilen älem-jahany nurlandyrýar. Ene toprak janlanyp, al-ýaşyl öwsüp başlaýar.

Turkmen

Pages