Makalalar

MUKADDESLIGE BUÝSANÇ

Garaşsyzlyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär. 

Turkmen

DÖWLETLI TUTUMLAR-ÖSÜŞLERE BADALGA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylda däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda halkyň we döwletiň durmuşyna degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirilýär.

Undefined

TERBIÝE MEKDEBI

Maşgala jemgyýetiň esasy sütünleriniň biridir. Bu sütün näçe berk bolsa, millet we döwlet hem şonça sarsmaz bolar. Şol jähetden hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz maşgalanyň berkligine, bagtyýarlygyna, onuň dowamlylygynyň we bakylygynyň serişdesi bolan nesil terbiýesine döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şonuň esasynda-da, bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk binýadymyz hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Turkmen

Ýol çekmegi, köpri gurmagy, bina galdyrmagy öran sogap iş hasapla ýan gadymy hem müdimi halkymyz bu dessury ata baba nesilden nesle geçirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe de bedew bady bilen dowam etdirip gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde düýpli özgertmeleri has-da çuňlaşdyryp, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyň ähli ugurlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem, raýatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga hem-de öňde goýlan beýik maksatlara gönükdirmäge uly ähmiýet berilýär. 

GARAŞSYZLYK — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ ŞÖHRATLY ÝOLY

Türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar beýik taryhynyň geçmişe hem-de geljege ýalkym saçýan altyn sahypasy Garaşsyzlykdyr. Şöhrat-şana beslenen bu döwür halkyň çuňňur milli kökleriniň kuwwatly güýjüni, özgerýän döwrüň milletiň öňünde keserdip goýýan wajyp wezipelerine paýhaslylyk, ýokary aň-düşünje, öňdengörüjilik bilen hötde gelmäge, döredijilikli ösmäge bolan çäksiz ukybyny ýüze çykardy.

Turkmen

MILLI ÝÖRELGELERDEN UGUR ALYP

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Hаlk Maslahaty: döwletiň syýasy-jemgyýetçilik ulgamyny kämilleşdirmekde täze badalga» atly maslahat geçirildi. 

Turkmen

IŞJEŇLIK WE JOGAPKÄRÇILIK ÜSTÜNLIGE GIŇ ÝOL AÇÝAR

Eziz Watanymyz hemmetaraplaýyn rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň abraýy dünýäde belende galýar.

Turkmen

BELENT MAKSATDAN UGUR ALYP

«Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň»

— diýip, ata-babalarymyzyň kalplaryndaky arzuwy siňen hemde hiç haçan gadyr-gymmatyny ýitirmejek dürdäne sözleri mundan ýüzlerçe ýyl ozal taraşlap, miras galdyryp giden Magtymguly atamyzyň bu setirlerindäki arzuw-isleg mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda, onda-da, bu ýörelgeleriň dowamat dowam bolmagy üçin ähli şert mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aňrybaş derejede hasyl boldy.

Turkmen

GARAŞSYZLYK GUDRATY

Mähriban Halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy golaýlap gelýär. Özygtyýarlyk, erkinlik, asudalyk, parahatlyk, şu jümleleriň ählisi “Garaşsyz” diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurt Garaşsyz bolanda, öz ygtyýarlyklaryny özi kesgitläp bilýär. Garaşsyz döwletiň raýatlary erkin, asuda durmuşda erkana ýaşaýar.

Turkmen

Pages