Makalalar

Dost-doganlygyň mekany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň dabaralaryna beslenýän günlerinde eziz Diýarymyzda ýaşaýan ildeşlerimiziň kalplary Watanymyzyň üstünliklerine bolan buýsançdan pürepürlenýär.

Allambergen BERDIŞUKUROW,
TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň bölüm müdiri:

Turkmen

Ýürekleriň aýdymy

Halkymyzyň öňden gelýän milli däpleriniň düýp mazmuny we häzirkizaman aňlatmasy bolan türkmen Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistany sebitde we dünýäde möhüm syýasy merkeze öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşiň we oňyn özara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanyp öňe sürýän ilhalar başlangyçlary-da ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki syýasy işjeňligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Turkmen

Baky bagtyýarlygyň Diýary

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşen halkymyz ýene-de bir ajaýyp senäni — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny, Halkara Bitaraplyk gününi uludan belläp geçýär. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna toýlanylýan bu sene her birimiz üçin aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr.

Turkmen

Rowaç syýasatyň wagyzçysy

Milli Liderimiziň gurmak, döretmek, bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmek baradaky tagallalary bütin halkymyzy bagtyýarlyga eýe edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wagyz-nesihat etmekde, olaryň düýp mazmunyny halka düşündirmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähmiýeti uludyr.

Turkmen

Ösüşlere tarap ygtybarly ýol

Taryh — dünýäniň hakykaty. Hakykat bolsa elmydama özüne çekýär. Adamlary ýüz ýyl, müň ýyl mundan öňki ýagdaýlar hemişe gyzyklandyrýar. Geçmişi öwrenmegiň birnäçe ugurlary bar. Arheologiýa, etnografiýa, etimologiýa, antropologiýa we beýleki birnäçe ylmy ugurlarda toplanan maglumatlarda müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat ösüşiniň ýagdaýlary aýnada görlen ýaly aýdyň bolýar. Şol maglumatlar seljerilende adamzat ýaşaýşynyň, dünýäniň jemgyýetçilik durmuşynyň hemişe ösüşde bolandygyny görmek bolýar.

Turkmen

Bitaraplyk — milli mukaddeslik

Taryhy wakalara baý bolan 2021-nji, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda asudalygyň, abadanlygyň höküm sürmegi, halkara we sebit ähmiýetli amala aşyrylýan taslamalar, öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýdy.

Turkmen

Ösüşiň demokratik ýoly bilen

Eziz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda gazanylýan üstünlikleriň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin onçakly uzak bolmadyk döwürde Diýarymyz ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýermek bilen, dünýä jemgyýetçiligine özüniň deňhukuklylyga, dostlukly gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny doly subut etdi we sanlyja ýylyň içinde halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi.

Turkmen

Makalalar toplumy

Daşoguz habarlary

02.12.2021 ý

Turkmen

Ýeňişli menzilleriň senesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly üstünlikler, belent sepgitler bilen şöhratlandyrýan türkmen halky bagtyýar ertirine barýar. Üstümizdäki ýylyň sözüň doly manysynda taryhy wakalaryň ýyly bolýandygyny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär.

Turkmen

TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygyna

Arkadagyň ak ýoly bilen

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredilen ilkinji günlerinden özüniň Maksatnamasyna we Tertipnamasyna laýyklykda ähli syýasy-guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmäge, ýurtda agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmaga gönükdirdi. Garaşsyzlygyň ähli döwürlerinde ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatlaryny halk köpçüligine düşündirmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Turkmen

Pages