TDP-niň Balkan welaýat komiteti

BAÝRAMÇYLYK RUHUNDA GEÇDI

Biz Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň uly topary bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine işjeň gatnaşdyk. Onda hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşyny uly höwes bilen diňledik.

Turkmen

BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BEÝIK BAÝRAMY

Halkymyzyň alnyndan bagt kuýaşy bolup dogan beýik Garaşsyzlygymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uludan toýlanan 29 ýyllyk şanly baýramy döwletli Diýarymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuna barýan Arkadagly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. 

Turkmen

SAGDYN DURMUŞYŇ GÖNEZLIGI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmaga, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge aýratyn üns berilýär. Ol döwlet syýasatynda möhüm ähmiýetli meseleleriň biridir.

Turkmen

MILLI GYMMATLYKLARYŇ GÖZBAŞY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýylda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň çap edilmegi we okyjylara ýetirilmegi bagtyýar halkymyza Arkadagymyz tarapyndan ajaýyp sowgat boldy. 

Turkmen

PARAHATÇYLYK, ABADANÇYLYK WE DOST-DOGANLYK BERKEÝÄR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda uly ösüşlere, özgerişlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Turkmen

HALKARA HYZMATDAŞLYGY PUGTALANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durnukly gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Turkmen

DÖWRÜŇ TALAPLARYNA EÝERIP

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymata eýerýän syýasatynyň barha rowaçlyk tapýandygyndan habar berýär. 

Turkmen

HEMIŞELIK BITARAPLYK — DÜNÝÄ NUSGALYK

Hemişelik Bitaraplyk. Bu söz agzalan wagtynda Ýer ýüzüniň haýsy yklymynda, haýsy ýurdunda bolsun, tapawudy ýok, ilki bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň göz öňüne gelýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Sebäbi dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr.

Turkmen

KÄMIL KANUN BERK BINÝAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde röwşen geljege ynamly barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler esasynda üpjün edilýän abadan, asuda hem bagtyýar ýaşaýyş ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň pugtalandyrylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 

Turkmen

ARKADAGYŇ SAÝASYNDA BAGTYÝARDYR ILIMIZ

«Bagtyýar ile toýlar goşa-goşadan gelýär» diýlişi ýaly, arassa asmanyň astynda, parahat, asuda Zeminiň üstünde, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň bagtyýar gujagynda bellenilýän toýlarymyz toýa ulaşýar.

Turkmen

Pages