Döwletimizde hereket edýän syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işjeňleri häzirki günlerde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde, etrapdyr şäherlerinde, edara-kärhanalarda, bilim we terbiýeçilik edaralarynda, geňeşliklerde döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, ilatyň saglyk babatda düşünjeliligini has-da ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygyny düşündirmek bilen bagly giň gerimli wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini alyp barýarlar.