TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti

ELEKTRON KITAPHANA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme kararlar, maksatnamalar kabul edildi.

Turkmen

BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BEÝIK BAÝRAMY

Halkymyzyň alnyndan bagt kuýaşy bolup dogan beýik Garaşsyzlygymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uludan toýlanan 29 ýyllyk şanly baýramy döwletli Diýarymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuna barýan Arkadagly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. 

Turkmen

GÖWÜNLER GANATLANDY

Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny we ýörelgelerini geljek nesillere miras goýmaga hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz bu ugurda birnäçe gymmatly eserleri ýazyp, halkymyza peşgeş berdi. Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda agzybir halkymyz üçin uly sowgat boldy.

Turkmen

ROWAÇLYGYŇ RÖWŞEN ÝOLUNDA

Ösüş-özgerişleriň rowaç gadamlary bilen nurana geljege barýan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýeti işjeňleşdirmek we döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjylyk işini demokratiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Turkmen

DÖWLETIŇ JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY GÜÝJI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzy ýokary derejede ösdürmek boýunça ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalar, öňe sürlen başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Turkmen

TÜRKMENISTAN GÖZEL DIÝAR

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Turkmen

DAÝHAN HOJALYGYNYŇ YNAMLY IŞLERI

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede kämilleşdirmek we ekerançylyk ýerlerini uzakmöhletleýin hususy eýeçilige bermek baradaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň önümçilikde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini iş tejribeleri doly görkezýär. Munuň şeýledigine Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Şabende geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Galkynyş» daýhan hojalygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Turkmen

BERKARARLYGYŇ aýdyň ýoly bilen

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň ajaýyp menziline öwrülýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy giňden bellenilýär. 

Turkmen

BOL HASYL UGRUNDA

Etrabymyzyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginde üstümizdäki ýylda gowaça ekilen 1280 gektar ýerden dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» 2280 tonnasyny öndürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. 

Turkmen

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BERK BINÝADY

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler, taryhy ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary, ýurdumyzyň ähli künjekleri giň gerimli özgertmelere we bedew batly buýsançly ösüşlere eýe bolýar.

Turkmen

Pages