Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ulag ulgamynda gazanylýan ösüşleriň ähmiýeti bimöçberdir. Ulag pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň we onuň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulmagynyň möhüm ugry bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda möhüm halkara ähmiýetli ösen ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça ýeterlik derejede berk esas döredildi.