TDP-niň Lebap welaýat komiteti

BAKY BITARAPLYK BILEN GALKYNÝAR DIÝAR

Bagtyýarlyga beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňa buýsanç goşup, köňül guşuňa ganat baglaýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen dabaralandyrylmagy döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Turkmen

ARKADAGA ALKYŞ AÝDÝARYS

— Ýaňy-ýakynda berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giňden bellenilip geçildi.

Turkmen

BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BEÝIK BAÝRAMY

Halkymyzyň alnyndan bagt kuýaşy bolup dogan beýik Garaşsyzlygymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uludan toýlanan 29 ýyllyk şanly baýramy döwletli Diýarymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuna barýan Arkadagly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. 

Turkmen

GEŇEŞLI IL — DÖWLETLI IL

— Milli Liderimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty taryhy özgertmelere baý boldy. Hususan-da, Esasy Kanunymyz boýunça özgertmeler has kämil kanunçylyk esaslaryny emele getirdi. 

Turkmen

JOGAPKÄRLI MÖWSÜMIŇ GYZGALAŇLY IŞLERI

Jomart topragyň güýzde eçilýän nygmatlarynyň içinde halkymyzyň baýlygyna deňelýän pagta aýratyn orun eýeleýär.

Turkmen

KÖŇÜLLERE NUR ÇAÝAN KITAP

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Turkmen

ÝERALMA — ÖZBOLUŞLY NYGMAT

Arkadag Prezidentimiziň şu ýylyň orak möwsüminde gojaman Lebap topragynda bolup, ýeralma ýetişdirýän oba adamlary bilen duşuşmagy, olaryň hal-ahwalyny sorap, daýhançylyk barada peder paýhasly maslahatlaryny we öwüt-nesihatlaryny, nakyllardyr atalar sözlerini aýdyp bermegi bagtyýar daýhanlarymyzy zähmetsöýerlige, maňlaý derini siňdirip ýetişdiren hasylynyň rehnetini görüp, bagtyýar ýaşamaga ruhlandyrdy.

Turkmen

BAGTLY DÖWRÜŇ HUKUK BINÝADY

Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgesini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasynyň habar beriş serişdelerinde çap edilmegi biziň milli demokratiýamyzyň jemgyýetimize mäkäm ornaşandygyny görkezýär. 

Turkmen

ÖZGERIŞLI DÖWRÜŇ ŞANLY ROWAÇLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik ösüşlere we özgerişlere barýan Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Güneşli Diýarymyzda arzuwlar wysala ýetip, maksatlar myrat tapýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, taýsyz-tagallalarynyň, irginsiz aladalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa doly ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Turkmen

YHLASLY ZÄHMET — GÖWNEJAÝ HASYL

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň dokma senagaty üçin bahasyna ýetip bolmajak çig mallaryň biri bolan «ak altynyň» bol hasylyny öndürmegi maksat edinýän etrabymyzyň edermen babadaýhanlary tomus paslynyň häzirki günlerinde gowaçaly pellerde ýokary hilli ideg etmekde ýadawsyz zähmet çekýärler.

Turkmen

Pages