TDP-niň Lebap welaýat komiteti

MASLAHAT GEÇIRILDI

TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalardan, gülläp ösüşlerden ruhlanýan raýatlarymyz maslahata işjeňlik bilen gatnaşdylar.

Turkmen

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Lebap welaýatynyň Darganata etrap häkimliginiň hem-de TDP-niň Darganata etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Demokratik ýörelgeler halkyň bähbidi üçin» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Darganata etrabynyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Turkmen

MASLAHAT GEÇIRILDI

Hojambaz etrap häkimliginiň mejlisler zalynda ýaramaz endiklere garşy wagyz-ündew maslahaty geçirildi. Oňa etrabyň saglygy goraýyş ulgamynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Turkmen

TÄSIRLI GEÇEN DABARA

TDP-niň Dänew etrap komiteti bilen etrabymyzyň oba Medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp wagyz-nesihat dabarasy geçirildi.

Turkmen

DÖWLETLI IŞLERIŇ BINÝADY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly welaýatymyzyň halky üçin guwandyryjy wakalara baýlygy bilen buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy welaýatymyza düşüp, halkymyz üçin bähbitli işler edilýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýat merkezi bolan Türkme nabat şäherine gelip, welaýatyň baş metjidini açyp bermegi, şol ýerde köňül kelamyndan dörän eserleriniň galam haky serişdelerinden sadaka bermegi halkymyzy diýseň begendirdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynyň senagat düzümini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirdi.

Turkmen

WAGYZ-NESIHAT DABARASY

TDP-niň Darganata etrap komitetiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Darganata etrabynyň 2-nji orta mekdebinde geljegimiz bolan ýaş nesilleri milli ýol-ýörelgelerimize eýerýän, arassa ahlakly, watansöýüji, ylymly-bilimli, ugurtapyjy, maksadaokgunly edip terbiýelemek maksady bilen, «Ýaşlar — geljegimiziň aýdyň şuglasy» diýen şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Turkmen

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

Kerki etrap häkimligi bilen TDP-niň Kerki etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, önümçilik birleşiklerinde zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň, mährem eneleriň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. 

Turkmen

ÝÜREKLER ALKYŞDAN DOLY

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler buýsanjymyza buýsanç, guwanjymyza guwanç goşýar.

Turkmen

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

«Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ata Watanymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek, 

Turkmen

GURAMAÇYLYKLY BARÝAR

Ähli ýerde bolşy ýaly, TDP-niň Saýat etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda hem hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilýär. Ilkinji guramanyň işlerine baha berlip, goýberilen säwlikleri düzetmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Turkmen

Pages