Ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ata Watanymyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Ýurt Baştutanymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakda alyp barýan tutumly işleri, belent maksatly özgertmeleri her birimiziň geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar.