TDP-niň Lebap welaýat komiteti

IŞIMIZIŇ NETIJELERINI GÖRÝÄRIS

Ýurdumyzda bolup geçýän özgerişlikler, ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, medeni durmuş ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ilatyň hal-ýagdaýynyň barha ýokary derejelere çykarylmagyna şert döredýär. Şeýle öňegidişlikleri ilatyň arasynda wagyz etmek, düşündirmek bolsa syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň paýyna düşýär. Biz hem bu il-ýurt bähbitli işlerden çetde durmaýarys.

Turkmen

HOŞALLYK SÖZLERI BELENTDEN ÝAŇLANDY

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher komitetleriniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda, işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäheriniň «Arzuw» toý mekanynda geçirilen «Ýurdumyz gül açýar, jennete dönýär» atly çaý başyndaky aýdym-sazly dabarada belent heňde ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bilen utgaşyp gitdi.

Turkmen

ROWAÇLYGA BESLENEN ÝYL

Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda gazanylan beýik ösüşlere, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli belent maksatly işlere ser salanyňda, ýürekler buýsanýar, göwünler galkynyp, dünýäňe bagtyýarlyk çaýylýar. 

Turkmen

BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI

12-nji dekabr — türkmen halkynyň bagtyýarlygyny, döwletliligini, jebisligini halkara derejesinde kepillendirýän hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen mukaddes gün bolup kalplarymyza ornady. 

Turkmen

BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANDY

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komiteti maslahat geçirdi.

Turkmen

ÖZGERTMELER – ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Hormatly prezidentimiziň badalga bermegi, hemmetaraplaýyn goldamagy bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler Türkmenistanyň häzirkizaman ösüşini täze, ozal görlüp-eşidilmedik derejelere ýetirýär. Olar il-ýurduň taryhy ykbalynyň altyn senenamasyna ýazylyp, şu günümizden, geljegimizden söz açýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen çarşenbe güni geçirilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde hem ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Turkmen

HEMIŞE HALKYŇ ARASYNDA

Ösüşiň şaýoly bilen ynamly öňe barýan abadan ýurdumyzyň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň her bir güni rowaçlyklara hem üstünliklere beslenýär. Bu gün güneşli ülkämiziň ähli ulgamlary we pudaklary taryhy ähmiýetli uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ykdysady ösüşleriň netijeleri bolsa medeni-durmuş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilýär.

Turkmen

BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

Ýakynda Hojambaz etrabynda Halaç we Hojambaz etrap häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp çäre geçirildi. 

Turkmen

BITARAPDYR ÝURDUMYZ, BAGTYÝARDYR ILIMIZ

Bitarapdyr ýurdumyz, bagtyýardyr ilimiz Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygynyň öň ýanyndaky şatlykly günlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen derejäniň berilmegi halkymyzy begendirdi hem buýsandyrdy. 

Turkmen

SÖZÜŇ GÜÝJI-ANYK MYSALLARDA

Bolup geçýän ýurt ähmiýetli wakalar biziň guramamyzyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebäbi olara wagtynda seslenmek, olaryň ähmiýetini arasynda düşündirmek, wagyz etmek biziň guramamyzyň tertipnamalaýyn wezipeleriniň bir bölegi bolup durýar.

Turkmen

Pages