TDP-niň Mary welaýat komiteti

KONSTITUSION ÖZGERTMELER DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen konstitusion özgertmeler yglan edilipdi. Geçen döwrüň içinde bu babatda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Şu mesele babatda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edaralaryň işgärleri özleriniň oý-pikirlerini beýan edýärler.

Turkmen

MUKADDES TOPRAGA TAGZYM

Hezreti Magtymgulynyň obasynda

Turkmen

ARKADAGLY AJAP EÝÝAM

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň, durmuşa geçirýän maksatnamalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösýär. Ýurdumyzda iň häzirki zaman zawod-fabrikler, önümçilik desgalary, medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Turkmen

DÜNÝÄ NUSGALYK GYMMATLYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi buýsanjymyza buýsanç goşdy. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýar.

Turkmen

DURNUKLY ÖSÜŞIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

Häzirki döwürde ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu jähetden önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde örän ähmiýetlidir.

Turkmen

ARKADAGA ALKYŞ AÝDÝAR ÝÜREKLER

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary taryhy ähmiýetli möhüm wakalary özünde jemledi. Gahryman Arkadagymyz bu iş saparynyň barşynda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Turkmen

GALLAÇYLARYŇ ZÄHMET EDERMENLIGI

Döwletli Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan Wekilbazar etrabynyň Jumadurdy Atajanow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri üstümizdäki ýylda gallanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar 1280 gektar ýerde ekilen bugdaý hasyl yna gowy ideg edişleri ýaly galla oragyna hem ilkinjileriň hatarynda girişdiler. Hojalygyň kärendeçileri häzire çenli 2550 tonna derek 3000 tonna guşgursak däne taýýarladylar.

Turkmen

ÇEKSEŇ ZÄHMET ÝAGAR REHNET

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk işgärleriniň arman-ýadaman işlemekleri üçin ähli aladalar edilýär. Şu günler ýerlerde gyzgalaňly orak möwsümi dowam edýär. Gallanyň wagtynda ýygnalmagy üçin hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän kuwwatly kombaýnlaryna daýanylýar.

Turkmen

MILLI DÖWLETLILIGIŇ BERK BINÝADY

Golaýda Garagum etrabyndaky «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda «Konstitusion özgertmeler — milli döwletliligiň berk binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň. TDP-niň Garagum etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabara bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri. ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Turkmen

ÖSEN TEHNOLOGIÝALARYŇ EÝÝAMY

Milli Liderimiz häzirki zaman jemgyýedäki hakyky gymmatlyklaryň maddy baýlykda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini hem-de päk zähmetleriniň netijesindedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Turkmen

Pages