TDP-niň Mary welaýat komiteti

ROWAÇLYKLARYŇ ÝOLUNDA

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli pudaklar bilen birlikde elektroenergetika pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň has ýygjamlaşýan häzirki döwründe Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary döwletlere iberiji ýurt hökmünde dünýäniň energiýa bazarlarynda barha giňden tanalýar. 

Turkmen

IŞJEŇ HÄSIÝETE EÝE BOLDY

Ýaşlaryň arasynda ruhy ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, hususan-da, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň we TDP-niň etrap komitetiniň «Ahlaklylyk sagdyn jemgyýetiň gözbaşydyr» ady bilen etrapdaky 2-nji orta mekdepde geçiren wagyz-nesihat duşuşygyna hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. 

Turkmen

EZBERLER ÖNE SAÝLANDY

Golaýda Mary etrabynyň 39-njy orta mekdebinde «Sagdynlyk — ruhubelentlik» diýen at bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Etrabyň edara kärhanalaryndan gelen ýygyndy toparlar küşt, şaşka, tennis, woleýbol boýunça bäsleşip, öz ezberliklerini görkezdiler.

Turkmen

ADYL KANUNLY, ÝAŞYL TUGLY BERKARAR DIÝAR

Şu günler eziz Diýarymyzda ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi mynasyp garşylamak boýunça dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu goşa mukaddesligiň baýramynyň bir günde bellenilmeginiň uly manysy bar. 

Turkmen

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT

Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynda TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň, TKA-nyň Baýramaly etrap birleşmesiniň etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýa syna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny wagyz nesihat etmek boýunça alnyp barylýan işlere we öňde duran möhüm wezipelere bagyşlanyp maslahat geçirildi.

Turkmen

WATANYMYZYŇ HUKUK BINÝADY

Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň raýatlary we jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olardan ýüzlerçe teklipleriň gelip gowuşýandygy, ol teklipleriň içgin öwrenilip, göz öňünde tutulyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alnyp maslahatlaşmak boýunça alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. 

Turkmen

ДОБРАЯ ТРАДИЦИЯ

Под руководством уважаемого Президента Гурбангулы Бердымухамедова в стране проводится большая работа по сохранению экологической стабильности страны, по рациональному использованию природных ресурсов. 

Turkmen

MILLI TERBIÝE MEKDEBI

Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ähli döwürde-de halkymyzyň üns merkezinde saklaýan esasy meselesi bolupdyr. Çünki terbiýeli perzentler öý-ojagyň oduny alawladyp, Watanyň şöhratyny, milletiň mertebesini Arşa göteripdirler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, milli terbiýäniň özboluşly mekdebini döredipdirler.

Turkmen

NUSGALYK ÝÖRELGELERE EÝERIP

Ýakynda TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň etrap hassa hanasy we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Turkmen

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Ýakynda TDP-niň Mary şäher komitetiniň welaýatyň bank-maliýe işgärleri bilen bilelikde guramagynda «Arassaçylyk saglygyň girewidir» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagyň, işde, durmuşda, maşgalada arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ýurduň her bir raýaty üçin möhüm talap bolup durýandygy, munuň bolsa hemişe janyň sag bolmagynda, daş-töweregiň, tebigatyň gözelligini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

Turkmen

Pages