TDP-niň Aşgabat şäher komiteti

SAGDYN DURMUŞ SAGDYN JEMGYÝET

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimine eýerip, halkymy zyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň aglabasynda jemgyýetiň esasy baýlygy sagdyn durmuş ýörelgesine we onuň durmuşymyza ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilýär. 

Turkmen

BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Ýakynda TDP-niň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap komiteti TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap geňeşi we 2-nji saglyk öýi bilen bilelikde paýtagtymyzyň 140-njy orta mekdebinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanan aýdym sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. 

Turkmen

ŞAN-ŞÖHRATLY BEDEWLER

Bereketli hem sahawatly türkmen topragy irki döwürlerden bäri iň owadan, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewleriň mekany hasaplanýar. Türkmen halkynyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, tutanýerli hem yzygiderli alnyp barlan maksadaokgunly tohumçylyk-seçgi işiniň netijesinde döredilen ahalteke atlary ata-babalarymyzyň ruhy siňen keramatly türkmen topragynda kemal tapdy, kämilleşdi, müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat derejesine ýetirildi. Ol atlar türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Turkmen

ARKADAGLY WATANYŇ BUÝSANJY BEDEW!

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu gün ahalteke atlarymyz dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden kitaplary Ýer ýüzünde giňden meşhur bolup, diňe bir öz halkymyza däl, dünýä jemgyýetçiligine bu ajaýyp kitaplar arkaly bedewlerimiz hakda gymmatly maglumatlar bilen tanyş bolmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimiziň çar künjeginde il-ýurt bähbitli uly gurluşyklara badalga berilýär.

Turkmen

DABARALY MASLAHAT

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady. Maslahata şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Turkmen

«BAGYM BAR, BARYM BAR»

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 31-nji ýanwarynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. 2020-nji ýylda ekiljek bag nahallarynyň möçberini kesgitledi. Şoňa laýyklykda, geçen şenbe güni, ýagny 21-nji martda ýurdumyzyň dürli ýerinde bag ekmek dabaralary bolup geçdi.

Turkmen

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap geňeşiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 98-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda «Ýaşlar — döwletiň baýdak göterijileri» atly duşuşyk geçirildi.

Turkmen

DÖWRÜŇ TALABYNDAN UGUR ALYP

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde «Konstitusion özgertmeler — döwrüň talaby» ady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça maslahat geçirdi.

Turkmen

HASABAT-SAÝLAW ÝYGNAKLARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇÝÄR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda möhüm möwsüm bolan hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. 

Turkmen

SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumyndaky 4-nji sport mekdebinde Ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti tarapyndan guralan ýaryşa Aşgabat şäherinden hem-de Ahal welaýatyndan 2005—2007-nji ýyllar aralygynda doglan ýetginjekler gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar.

Turkmen

Pages