TDP-niň Bäherden etrap komiteti döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edaralarynyň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli Parlamentiň işini jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki talaplaryna laýyk getirmek, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny tapgyrma-tapgyr ösdürmegi üpjün etmek, şeýle hem, döwlet-hukuk edaralarynyň işini baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli döwlet häkimiýet edarasyny iki palataly edara öwürmek baradaky tekliplerini goldap, bu ugurda degişli çäreleri guramaçylykly geçirýär.