Türkmenistanyň Demokratik partiýasy (TDP) Türkmenistanyň Garaşsyzlygy bilen ýaşdaş bolup, ol özüniň 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda bolup geçen I Esaslandyryjy gurultaýynda döredildi. Şol gurultaýyndan bäri partiýanyň 9 gurultaýy bolup geçdi. Partiýanyň soňky nobatdan daşary IX Gurultaýy 2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, öz Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özbaşdak we erkin syýasy partiýa bolmak bilen özüniň ähli işini Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!", “Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen ýörelge esasynda alyp barýan syýasatyny, maksatnamalaryny we beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň kämil guralmagyna ýardam bermäge gönükdirýär. Partiýa döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen şahsyýetiň arasynda hoşniýetli arabaglanyşdyryjy bolup, olaryň jebisligini, agzybirligini berkitmek bilen halkymyzyň agzybirliginiň hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna Watanymyzyň bähbitlerini gorap çykyş edýär.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerim bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli düýpli özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, halk köpçülikleriniň işjeňligini has-da artdyrmak, zähmetkeşleri ýokary öndürijilikli we döredijilikli işe höweslendirmek, ylmyň soňky gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, zähmet köpçüliklerinde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýar.
Türkmenistanyň ähli ilatynyň bähbitlerini aňladyp we gorap, Demokratik partiýa halkyň galkynmagy, rahatlygy, ýurduň asudalygy, milletara agzybirligi, jemgyýetiň jebisligi ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen Demokratik partiýa döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Partiýanyň döredilen wagtyndan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda ol syýasy taýdan kämilleşdi, agzalarynyň we ilkinji guramalarynyň sany ep-esli artdy. Häzirki günde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz hataryna 5 welaýat, 8 şäher, 39 etrap, jemi 52 sany partiýa komitetleri we 5 872 ilkinji guramalaryny birleşdirýär.
Demokratik partiýanyň öňünde durýan esasy wezipe Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny ilat arasynda işjeň wagyz-nesihat etmekden, Milli Maksatnamalaryň many-mazmunyny düşündirmekden, ýerine ýetirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Bu wezipeleri Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen ysnyşykly gatnaşykda üstünlikli çözýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmek we düşündirmek işine hem mynasyp goşant goşýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özüniň Maksatnamalaýyn we Tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, olarda türkmen halkyna mahsus bolan şahsy edermenlik, watançylyk, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ýaly iň oňat sypatlary ornaşdyrmak üçin ähli tagallalary edýär. Partiýa öz hatarlarynyň üstüni ahlak taýdan arassa, tutanýerli, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hakyky watançy adamlary bilen doldurmaga çalyşýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň syýasy, ykdysady we durmuş syýasatyny, daşary syýasatynyň strategiýasyny ilat arasynda giňden düşündirýär, wagyz-nesihat edýär. Partiýa agzalarynyň üsti bilen saýlaw kompanýalaryny geçirmäge ýakyndan gatnaşýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyny işjeň durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini netijeli ulanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşyny döwründe Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, welaýat, şäher, etrap guramalary ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärler.