2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaklarynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen!” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halypa diplomatlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi, häzirki döwürde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýändigi barada nygtap geçdiler.
Baýramçylyk maslahatyň çäklerinde Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde zähmet çekýän halypa diplomatlara we mugallymlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýaş mugallymalara we talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.