2024-nji ýylyň 19-njy martynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyz we täze taryhy eýýam: kuwwatly döwlet, demokratik jemgyýet, ählumumy parahatçylyk we depginli ösüş ýolunyň dowamaty” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününe bagyşlandy. Oňa Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.