2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Magtymguly Pyragynyň mirasy — parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda Aşgabatda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly ýokary derejeli halkara maslahatyň netijelerini hem-de ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen bagly wakalaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar — Türkmenistanyň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary görnükli orunda goýlupdyr. Alym Arkadagymyzyň ýakynda çap edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildi çärä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide milli amaly-haşam sungatynyň eserlerine, türkmen halylaryna we şaý-seplerine hem giňden orun berildi.
Maslahatda çykyş edenler Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň möhüm, taryhy wakalarynyň biri bolandygyny, oňa birnäçe ýurduň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, medeniýet işgärleriniň, diplomatlaryň gatnaşmagynyň hem munuň aýdyň güwäsidigini turuwbaşdan nygtadylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz şol forumda beýik akyldaryň baý mazmunly edebi mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýändigini aýtdy we Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hem-de ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.
Geçmişiň beýikligini şu günüň belentliginiň binýadyna öwrüp, geljegiň nurana ýollary bilen ýurdumyzy öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen döwletiniň şan-şöhratyny dabaralandyrýan beýik işleri diňe bir halkymyzyň ruhy dünýäsini galkyndyrmak bilen çäklenmän, dünýä halklarynyň hem bagtyýarlyga, parahatçylyga bolan umyt-arzuwlaryna ganat berýär.
Maslahatda forumyň dowamynda daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şanyna döredilen ýubileý medalyna mynasyp bolandygyna üns çekildi. Bu medaly döşüne dakynyp giden köp sanly myhmanlarymyzyň, daşary ýurt döwlet ýolbaşçylarynyň ýakymly ýatlamalar bilen birlikde, türkmen halkynyň döwlet Baştutanynyň hem-de Gahryman Arkadagynyň ynsanperwer syýasatyna bolan uly hormat-sarpany hem kalplaryna nagyş edip, dünýäniň çar künjegine ýetirendiklerine biz guwanýarys diýlip, çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.
Halkara forumyň çäklerinde döwlet ýolbaşçylarynyň geçiren gepleşikleri, Gazagystan Respublikasynyň we Mongoliýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza saparlary we olaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar, geçirilen medeni çäreler Pyragynyň arzuwlan zamanynda berkarar Watanymyzyň halklary dost-doganlyga, parahatçylyga we agzybirlige çagyrýan döwlet hökmünde dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açýandygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde, Aşgabadyň ajaýyp künjeginde gurlan, gazak halkynyň meşhur şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagynyň türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna taryhy waka bolup girendigi bellenildi.
Maslahatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky şanly wakalara hem aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, soňky günlerde ýurdumyzda bolup geçen möhüm wakalaryň her biri hemmetaraplaýyn ösüşlerimiziň derejesini, ähmiýetini has aýdyň görkezýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen desgalar lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bu ulgamy döwrebap derejede ösdürmekde bitirýän beýik işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Bellenilişi ýaly, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinden gelen köp sanly myhmanlar täze saglygy goraýyş desgalaryna ýokary baha berdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagynyň taryhy ähmiýeti barada hem maslahatda aýratyn durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu düýpli ylmy işiniň täze jildi-de saglygy goraýyş işgärleri üçin möhüm ähmiýetli gollanma bolar.
Baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda germaniýaly dünýä meşhur kardiolog lukman Hans Maýsneriň ady dakylan şaýoluň we onuň ugrunda «Kalbyň şypasy» atly täze binanyň dabaraly açylmagynyň, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagynyň saglygy goraýyş işgärlerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygy barada hem çykyşlarda aýratyn bellenildi.
Dabaraly çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna-da giň orun berildi. Olarda dana Pyragynyň arzuw eden berkarar döwletiniň bu günki beýik ösüşleri belentden wasp edildi.