Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.
Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetini esaslandyryjylaryň biridigi bellärliklidir. Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglaryň netijeleri hem tassyklaýar. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň baý tejribesine esaslanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Çörege ähli döwürlerde-de mukaddeslik hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Watanymyzyň “altyn” harmanyny barha beýgeldýän galla önümçiliginiň möçberiniň meýilnamalaýyn esasda artmagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň we gülläp ösüşiniň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy ösdürmek, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Oba hojalyk ministrliginiň düzüminiň täzeden guralmagy we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi bellenilmäge mynasypdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz bugdaýyň hem-de pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.
Şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Bularyň ählisi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary bilen berkidilendir. Döwlet Baştutanymyz ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.
Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde pudagy dolandyrmagy kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Durmuşa geçirilýän iri özgertmeleriň netijesinde oba hojalyk toplumynyň netijeliligi artýar. Pudagyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri täzeçil usulda çözülýär. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, iň täze görnüşli tehnikalar satyn alynýar.
Şu ýylyň galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler, ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralar. Oba hojalyk möwsümi üçin ulag serişdeleri, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gelip gowuşýan galla hasylynyň hilini anyklamaklary üçin barlaghanalar taýýarlanyldy.
Galla oragyna girişilmegi mynasybetli dürli oba hojalyk, çörek önümleri we döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen tanyşdyrýan sergiler guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-horeografik toparlary ekerançylar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
https://tdh.gov.tm/tk/post/40928/yurdumyzda-galla-oragyna-girisildi