Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol täze hukuk resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek ugrunda geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde Ýaponiýa, Täjigistan Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletleriň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi tarapyndan guralan “Parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça halkara tejribe we tehnologiýalar” atly okuw maslahatyna, şeýle hem birnäçe beýleki çärelere gatnaşdylar.
Mejlisiň deputatlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Habar berlişi ýaly, deputatlar Garaşsyz Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça geçirilýän maslahatlara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini aýtdy. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu işleriň ählisini halk köpçüligine düşündirmek çärelerini yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi “NFC” we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär. «Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Toplumyň pudaklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmek, şeýle hem olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, toplumyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tebigy serişdeleriň rejeli we netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň senagat, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, üznüksiz önümçiligi guramak üçin pudagy kömekçi materiallar, himiki serişdeler we beýleki ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün etmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Ilki bilen, wise-premýer Diýarymyzyň zähmetsöýer ekerançylarynyň geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara ibermek, çig mal öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmegiň we ekin meýdanlarynda doly gögeriş almagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Resminamada ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmagy has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, ylmy-barlag institutlarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şol sanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, pudagyň kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümhanalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly onuň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini üpjün etmegiň, senagat kärhanalarynyň önümçilik ugurlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Maryazot» önümçilik birleşiginiň birinji ammiak önümçiliginiň durkuny täzelemek we oňa täze enjamlary ornaşdyrmak meselesine degip geçdi. Munuň özi kärhananyň önümçilik taýdan netijeliligini ýokarlandyrmaga, girdejili bolmagyna ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahatyny hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistan — maýa goýum we ösüş” atly forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň gerim bilen geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşarlar. Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkara festiwaly geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň, teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä halklarynyň köpugurly medeniýetiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere möhüm ähmiýetli bu halkara festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlarynyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky birinji sammitiniň barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Oňa milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak hem meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda guraljak «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girzilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi aýratyn bellenilip, oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu syýasy ýeňiş bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. Bu hoş habaryň Şäherleriň bütindünýä gününde gelip gowuşmagynyň hem uly manysy bar.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmek işleriniň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtap, aşgabatlylary we ähli türkmenistanlylary ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat şäheri bilen bagly bu şatlykly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu sammit Astana şäherinde geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda bu gurama synçy hökmünde goşulandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär.
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Bu guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäreleri şu ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Forumyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda täze innowasion, sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatyň ähmiýetini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berildi. Ol aşgabatlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka — Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi hem munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Aziýanyň merjeni, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine mundan beýläk-de uly üns beriljekdigini nygtady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
https://tdh.gov.tm/tk/post/38473/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-99