Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Bu wakalar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösüşini üpjün etmäge, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu işde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy, Watanymyzyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegi esasy ugurlar hökmünde çykyş edýär. Şunda halkara ülňülere laýyk gelýän häzirki zaman inženerçilik-tehniki infrastrukturanyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap elektrik üpjünçilik ulgamlary munuň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar.
Ýurdumyzda energetika toplumynyň, şol sanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, bu pudak üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu, öz gezeginde, uzak möhletleýin geljegi hasaba alyp, ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan zerurlyklaryny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän çäklerini giňeltmäge-de şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasyny öndürmegiň bolsa dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň — Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi.
Mälim bolşy ýaly, 28-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli taslamany durmuşa geçirmek «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy.
Dabaranyň geçirilýän ýerine Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Balkan welaýat häkimliginiň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik wekilleri hem bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz dabara üçin taýýarlanylan ýörite zala barýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutýarys diýip belledi. Şonuň ýaly-da, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy dabaraly açylyp ulanmaga berler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde, sarp edijiler elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem müňlerçe kilometre uzaýan dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri, durky täzelenen we täze gurlan paýlaýjy ulgamlar işe girizildi. Bularyň ählisi pudakda gazanylan uly üstünliklerdir.
Garaşsyz Türkmenistan gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şol taslamalar durmuşa geçirilende, ilkinji nobatda, ekologik talaplaryň berjaý edilmegine, ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri senagat taslamalary abraýly halkara guramalaryň ýokary hil derejesine, ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi baradaky oňyn bahalaryna mynasyp bolýar.
Şu gün düýbi tutulýan, gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Bu ýerde ökde hünärli işgärleriň 150-den gowragy zähmet çeker. Olaryň işlemegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Bu iri desga ýurdumyzda gurulýan kuwwatly elektrik stansiýalarynyň ikinjisidir. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär. Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerinde şular ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy elektrik energetika pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine, berkarar Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigine şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gün «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň bu sebitde ýerleşýän kärhanalarynda işleýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň hem düýbi tutulýar. Ýakyn wagtda bu ýerde 472 hojalyga niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar. Şeýle hem 320 orunlyk orta mekdep, 120 orunlyk çagalar bagy, söwda-dynç alyş merkezi bina ediler. Bu bolsa ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň bu taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi. Ine, bu gün bolsa türkmen energogurluşykçylarynyň ýadawsyz, yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi.
Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Balkan — Daşoguz we Mary — Ahal energiýa ugurlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgam emele geler. Içerki sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň hili gowulanar. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertler dörär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika pudagy üçin taryhy ähmiýete eýedir. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda pudakda geçirilen özgertmeleriň netijesinde gutarnykly dolanyşyga eýe bolan döwrebap elektroenergetika pudagy kemala geldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, türkmen energogurluşykçylaryna we daşary ýurtly hyzmatdaşlara taslamany üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle hem şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda-da döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän iki sany gaz turbina desgasynyň işe giriziljekdigini belledi we kuwwaty 70 megawat bolan bu täze desgalaryň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. “Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu möhüm desgalar we binalar mähriban halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etsin!” diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemledi.
Soňra «Çalik Holding A.Ş» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Işewür Balkan welaýatyndaky täze, möhüm energetika desgalarynyň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi mynasybetli şu günki geçirilýän dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşýandygyna türk hyzmatdaşlaryň buýsanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzy bu şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döredijilikli döwlet syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda energetika ulgamynda durnukly ösüş üpjün edilýär.
Türk holdinginiň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan içerki sarp edijileriň talaplaryny ýeterlik derejede kanagatlandyrmaga we elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçilik berýän ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir. Kuwwaty 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy, Mary — Ahal asma elektrik geçirijisiniň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Häzirki günde Türkmenistan durnukly ykdysady ösüşiň we halkyň rowaçlygynyň kepili bolup durýan häsiýetlere eýe bolan, gülläp ösýän, parahat, abadan ýurduň nusgasydyr diýip, Ahmet Çalyk aýtdy.
“Çalik Holding” köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda işläp gelýär hem-de onuň okgunly ösmegine goşant goşýandygyna, bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak mümkinçiligine eýedigine tüýs ýürekden buýsanýar diýip işewür nygtady we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Mary we Ahal welaýatlary sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykýar. Bu ýerde ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny döretmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ulanmaga berilmäge doly taýýar edilipdir.
Dabarada çykyş eden Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän hemişelik ünsi, netijeli zähmet çekmäge döredýän mümkinçilikleri üçin pudagyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň tutýan orny barha artýar. Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýan ýaş türkmenistanlylar iri desgalaryň taslamalarynyň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýarlar.
Çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän şu günki çäräniň pudagyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny belläp, Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini Türkmenistanyň energetika ulgamyna birikdirmäge ak pata bermegini haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlendiler.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary woltly asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berýär.
Mary, Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen, täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga berýärler.
Ýygnananlara Mary — Ahal täze elektrik geçirijisiniň tehniki işlerini beýan edýän wideoşekiller görkezilýär. Ol asma elektrik geçirijisiniň esasy aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Onuň gurluşygynda ýokary hilli serişdeler, dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary ulanyldy. Mary — Ahal asma elektrik geçirijisi sanly ulgam arkaly pudagyň ygtybarly dolandyryşyny üpjün edýän merkezi dispetçere birikdirilýär.
Umuman, Türkmenistanda bitewi energiýa halkasynyň döredilmegi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň energetika ulgamlarynyň arasyndaky özara ätiýaçlandyryşa mümkinçilik berer. Bu ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny berkidip, onuň kuwwatlylygynyň ätiýaçlyk gorlaryny yzygiderli artdyrmaga, zerur bolan wagtynda elektrik energiýasyny degişli ugurlara paýlamaga şert döreder. Durmuşa geçirilen bu taslama paýtagtymyzydyr welaýatlary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen, onuň beýleki döwletlere eksportynyň möçberini artdyrmaga hem ýardam eder.
Elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegi, Watanymyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň maksatlaryna laýyk gelýän halkara ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda ýakyndan goldawy, tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri, iň gowy arzuwlar beýan edildi.
Dabaranyň dowamynda sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) çykýar. Bu ýerde elektrik energiýasyny öndürýän iki sany täze gaz turbina desgasy ulanmaga bermek üçin doly taýýar edilipdir.
Soňra TNGIZT-niň hünärmeni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.
Ol Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň depginli ösdürilýändigini, düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, Watanymyzyň senagatlaşdyrylmagyna, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän täze taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbinaly energiýa bloklarynyň gurluşygyna hem-de hereket edýän elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna badalga berildi. Bu işler «Çalik Enerji» türk kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýerde oturdylan elektrik generatorlary we turbinalar ABŞ-nyň dünýä belli «General Electric» kompaniýasy tarapyndan öndürildi.
TNGIZT-niň hünärmeni nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan pudagyň ösdürilmegi babatda berýän ünsi, zähmetkeşler barada edýän çäksiz aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze gaz turbina desgasyny işe girizmäge ak pata bermek haýyşy bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.
Asylly däbe görä, dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz turbina desgalarynyň işe girizilmegine ak pata berýär.
Hünärmen düwmäni basmak bilen, täze gaz turbina desgalaryny işe girizýär.
Görkezilen wideoşekilli ýazgyda umumy taslama kuwwaty 70 megawat sagada deň bolan gaz turbina desgalaryny işe girizmegiň tehnologik ýagdaýy görkezilýär. Olaryň ulanyşa berilmegi TNGIZT-niň önümçilik görkezijilerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu toplumda ekologik talaplara laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň elektrik energiýasyna bolan talaplaryny doly kanagatlandyrmak bilen, täze desgalar artykmaç energiýany ýurdumyzyň bitewi energiýa ulgamyna geçirmäge hem mümkinçilik berer.
Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz turbinalaryny gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek taslamasyna halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Ilki bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň geňeşçisi, doktor Harald Apele söz berildi.
Myhman halkara standartlara laýyk gelýän täze energetika desgasyny işe girizmek dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, Germaniýanyň Frauhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamy tehnologiýasy institutynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda durmuşa geçirilen taslama beren Hil şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra Duisburg-Essen döwlet uniwersitetiniň professory, GFR-iň Binagärleriniň federal palatasynyň geňeşçisi Bernd Reinhold Rosin çykyş etdi. Şu günki dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, myhman ýokarda ady agzalan palatanyň Iň ýokary inženerçilik taslamasy baradaky şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra çykyş etmek nobaty GFR-iň Magdeburg şäheriniň Otto Won Gueriсke adyndaky uniwersitetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we durnukly energiýa taslamalary boýunça uly geňeşçisi Ýuriý Şikowa berildi. Şu gezekki dabara çagyrylandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman agzalan uniwersitetiň Ekologik taýdan arassalygy we durnukly taslamadygy baradaky şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra dabaralar Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde dowam etdi. Bu ýerde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen degişli durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän iri ýaşaýyş jaý we binalar toplumynyň düýbi tutuldy.
Täze toplumyň düýbi tutuljak meýdanyň çäginde umumy ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi.
Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitde hem halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmak bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdelerden mümkin bolan iň ýokary derejede peýdalanmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Mineral dökünleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň çig mal serişdelerine baý bolmagy we oba hojalygy pudagynyň önümçiliginiň netijeliligini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan bu önümleriň dürli görnüşlerini ýurduň içerki zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýan, mineral dökünleriň eksportyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýän mukdarda öndürmäge ukyplydyr. Balkan welaýatynyň uly mümkinçiliklerini göz öňünde tutsak, himiýa senagatynyň ösdürilmeginiň, importyň ornuny tutýan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň toplumlaýyn özleşdirilmeginiň uly geljegi bardyr.
Ýurdumyzyň günbatar sebitinde bolup geçýän özgertmeleriň ösüş depgini alnyp barylýan gurluşyklaryň geriminde-de öz beýanyny tapýar. Şunda durmuş maksatly desgalary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň netijesinde bolsa adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesi we hili ýokarlanýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 31-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlaryny, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi, 120 orunlyk çagalar bagyny, söwda-dynç alyş merkezini öz içine alýan Gyýanly ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy barada Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu desgalaryň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak, degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary çekmek «Dürli-ýaz» hususy kärhanasyna ynanyldy.
Şeýle taslamalar işlenip düzülende, diňe bir ýaşaýyş toplumlarynyň ýerleşýän ýerini däl, eýsem, ekologiýa, durmuş we dynç alyş aýratynlyklary, şol sanda abadanlaşdyryş, çagalar we sport meýdançalary bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar. Bu günki gün ýokary amatlylyk talaplaryna doly laýyk gelýän giň öýleriň gurluşygy adaty ýagdaýa öwrüldi.
Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşyp, täze göçüp gelenleriň şatlygyny paýlaşýar, şeýle hem täze binalaryň düýbüni tutmak dabaralarynda bolup, gurluşyk taslamalary bilen ýakyndan tanyşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli dabaralara sanly ulgam arkaly gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr. Munuň özi halkyň abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Balkan welaýatyndan wekilçilik edýän il sylagly ýaşuly dabarada çykyş edip, şu gün ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilip amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilmeginiň netijesidir.
Bellenilişi ýaly, şäherleriň we obalaryň keşbiniň özgerdilmeginde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty aýdyň beýanyny tapýar. Bu syýasatyň özeninde bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgämiz durandyr. Çykyş eden il sylagly ýaşuly dabara gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan ähli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly il ýaşulusynyň haýyşy boýunça döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata berýär. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda geljekki toplumyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndysy guýulýar.
Mähriban Watanymyzy we täze taryhy döwrüň ägirt uly özgertmelerini, onuň ýokary döredijilik ruhuny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanýar.
Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar geljekde guruljak beýleki binanyň — kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek täze elektrik stansiýasynyň ýerleşjek ýerinde dowam etdi. Täze toplumda dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz, 2 sany hem bug turbinasy oturdylar.
Utgaşykly işleýän gaz-bug aýlanyşygy ýokary peýdaly iş koeffisienti bilen tapawutlanýan elektrik energiýasynyň önümçiliginiň täze görnüşidir. Onuň binýatlaýyn esasy gaz turbinasynda ýakylýan ýangyjyň täsirinde ýokary temperaturada döreýän galyndyny bug turbinasynda netijeli ulanmagyň hasabyna goşmaça elektrik energiýasyny öndürmekde jemlenýär. Bu döwrebap tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ösdürmek nukdaýnazaryndan wajyp bolup, elektrik energiýasy öndürilende sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Täze elektrik stansiýasynda ähli önümçilik işi sanly ulgam arkaly awtomatlaşdyrylyp, dolandyryş merkezine birikdiriler. Bu önümçilik işiniň ýokary netijeliligini üpjün eder. Bu desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, Watanymyzyň energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmaga, täze eksport ugurlarynyň açylmagyna hem ýardam berer.
Gaz we bug dolanyşygynda işleýän elektrik stansiýalarynyň ekologik taýdan bähbitlidigi bellärliklidir. Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Şundan ugur alyp, degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän innowasion, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary we ýokary netijeli önümçilikleri işe girizmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Şeýle möhüm innowasion taslamalary durmuşa geçirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde bolup, bu ugurda alnyp barylýan ägirt uly işler eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar şu gününiň, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Dabaraly pursat ýetip gelýär: şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgy galdyrýar. Ýazgy ýörite gutujyga ýerleşdirilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu günki dabaralara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, wise-premýer her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Ýagşy işlere we başlangyçlara ak pata bermek ýaly halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, dowamat tapan asylly däp-dessurlaryna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklaýar we hormatly ýaşulular bilen bilelikde elektrik stansiýasynyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berýär.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. Şol gün döwlet Baştutanymyz paýtagtymyza gaýdyp geldi.
Şeýlelikde, şu günki wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna ýene-de bir ajaýyp sahypa bolup ýazylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ösüş strategiýasynyň, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk we döredijilik ýoluna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, halkymyzyň täze belent sepgitlere ýetmek ugrundaky maksada okgunlylygynyň aýdyň nyşany boldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi