TDP-niň VII gurultaýynyň karary bilen "TASSYKLANYLDY"
2013-nji ýylyň 17-nji awgusty

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ

maksatnamasy

 

 

 

1991-nji ýylyň dekabr aýynyň 16-synda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň (TDP-niň) I Esaslandyryjy gurultaýynda kabul edildi. TDP-niň II-VII gurultaýlarynda üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ

MAKSATNAMASY

 

“Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge esasynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli maksatnamalardan, ykdysadyýetiň, syýasatyň, medeniýetiň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerden ruhlanýan türkmen halky tutanýerli zähmet çekip, öz Milli Lideriniň töweregine has-da berk jebisleşip ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Bu tapgyrda biziň öňümizde duran belent wezipe, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, XXI asyrda Türkmenistany berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr. Bu ýerde öňe çykýan wezipeleri - jemgyýeti has hem jebisleşdirmek we ony ykdysady, syýasy we durmuşy gurşawlary dolandyrmaklygy kämilleşdirmeklik üçin gerek bolan demokratiki usullar bilen üpjün etmek esasynda amal etmek mümkin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen ýurduň strategiki ösüş maksatnamasy ösüşler ýolunda bar bolan meseleleriň çözgüdini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy (TDP) milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen ösüşler we özgerişler ýoluny saýlap alýar hem-de berkarar türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwründe şol beýik özgertmeleri amala aşyrmak, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, innowasion ösüşi we ýaşaýyş-durmuşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň amal ediljekdigine doly ynanýar. Bu ynam  partiýa agzalarynyň gurujylyk we döredijilik başarnyklaryny artdyrýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Garaşsyzlyk ýyllarynda has berkedi, onuň abyraýy artdy. Bu gün TDP milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda başlanan ägirt uly tutumly işleriň halka giňden düşündirilmegine, wagyz edilmegine, üstünlikli amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermekligi beýleki jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri bilen bilelikde özüniň baş wezipesi hasaplaýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özüniň jemgyýetdäki täsirini we abraýyny gün-günden berkidýär we geljege gönükdirýär. Ol mundan beýläk hem Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygyny, Hemişelik Bitaraplygyny, durmuş-syýasy durnuklylygyny, ruhy-ahlak, milli agzybirligini berkitmäge öz saldamly goşandyny goşmagy maksat edinýär. Şu maksat bilen ol jemgyýetiň syýasy durmuşyndaky öz ugrukdyryjy we jebisleşdiriji ornuny berkidýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we ýurdumyzda hereket edýän beýleki Kanunlara esaslanyp, öz Tertipnamasyna  we şu Maksatnamasyna laýyklykda alyp barýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini giň demokratik häsiýetde deňhukuklylyk, özara hormatlamak, pikir alyşmak, arkalaşmak, birek-birege kömek we goldaw bermek esasynda guraýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ösüş we innowasiýalar eýýamynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr, “Döwlet adam üçindir!” diýen nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistany ozalky agrar döwletden senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bazar ykdysadyýetini işewür özleşdirmek, jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak,  önümçiligiň we durmuşyň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny, adamlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak, agzybirligi, jebisligi, ylalaşygy berkitmek maksatlaryny goldanyp, özüniň şu Maksatnamasyny kabul edýär.

 

I. Türkmenistanyň DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ

ESASY ÝÖRELGELERI

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren ösüşler we özgerişler syýasatyna esaslanyp, Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlygyny we Hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özüniň syýasy işinde şu aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

- öz işini meýletinlik, deň hukuklylyk, sabyr-takatlylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk esasynda guramak;

- umumyadamzat gymmatlyklaryny hormatlamak, ynsanperwerlik, deňhukuklylyk, adalatlylyk, hyzmatdaşlyk, dogruçyllyk, paýhaslylyk häsiýetlerine eýermek;

- häzirki zaman saýlawly demokratiýany türkmen halkynyň gadymy köklerinden gelýän demokratik esasynda özleşdirmek;

- türkmen halkynyň taryhy, milli-medeni, asylly däp-dessurlaryna aýawly garamak, ene dilini hemmetaraplaýyn ösdürmek;

- Türkmenistanyň halkynyň dürli milletlerden bolan wekilleriniň milli buýsanjyna, medeniýetine, diline, dinine, däp-dessurlaryna, urp-adatlaryna hormat goýmak;

-  adamlarda ylma-bilime, hünärmenlige,  täzeçe pikirlenişe, döredijilige bolan ukyby we başarnygy goldamak;

- partiýa işinde jemgyýetçilik başlangyçlaryň ösdürilmegi, oňa jemgyýetçiligiň işjeňleriniň giňden çekilmegi, saýlawly edaralaryň işine partiýa agzalarynyň giňden gatnaşmagyny gazanmak;

-  partiýanyň işi hakynda ilaty doly habarly etmek;

- dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukugynyň kadalarynda bellenen adamyň we raýatyň demokratik hukuklaryna, azatlyklaryna  hormat goýmak, olary ykrar etmek;

- geçmişimizi hormatlamak, ata-babalarymyzyň, ýaşulularymyzyň wesýetlerine eýermek, milli taryhy-medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek, nesilden-nesle geçirmek we baýlaşdyrmak;

- Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň  alyp barýan «Açyk gapylar», hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüji daşary, hoşmeýilli hemişelik bitaraplyk syýasatynyň mundan beýläk hem dabaralanmagyna ýardam bermek.

 

II. TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASYNYŇ MAKSATLARY WE WEZIPELERI

Jemgyýetçilik pikirini emele getirmek arkaly Türkmenistanyň  Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny berkitmäge, demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, raýat jemgyýeti berkarar etmäge ýardam bermek, Türkmenistanyň Prezidentiniň täzeleniş, ösüşler we özgerişler syýasatyny düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, ony durmuşa geçirmäge işewür gatnaşmak Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň XXI asyrda esasy maksatlarydyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy halkyň bähbitlerini araýan syýasy partiýa bolup, halkyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini döwletiň syýasatynda aňlatmak we goramak, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda demokratiýany ýaýbaňlandyrmak we onuň esasynda ýurtda bolup geçýän özgerişleri işewürleşdirmek bilen, geljekde hem jemgyýetde öňdebaryjy, esasy syýasy partiýa bolmaklygyna galar.

Şu maksada ýetmek üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasy aşakdaky wezipeleri durmuşa geçirmegi zerur hasap edýär:

 

- Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Hemişelik Bitaraplygyny, howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewiligini we beýleki bähbitlerini hemme çäreler arkaly goramak we berkitmek, halkyň aňyna, durmuşyna çuňňur ornaşdyrmak, adamlarda täze-berkararlyk döwre kybapdaş, demokratik we täzeleniş gymmatlyklary özünde jemleýän dünýägaraýşy kemala getirmek;

- jemgyýetiň täzelenişiniň, ösüşiniň, döwrebaplaşdyrylmagynyň ylmy-nazarýet esaslaryny işläp düzmäge gatnaşmak, jemgyýetçilik özgerişlerini göz öňünde tutmak arkaly partiýanyň işiniň täze şertlerdäki ugurlaryny, usullaryny kämilleşdirmek, islendik meseläniň jemgyýetiň ösüş aýratynlyklaryna laýyk gelýän dogry we doly syýasy çözgüdini tapmak;

- Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny, halk häkimiýetiniň wekilçilikli hem-de ýerine ýetiriji edaralarynyň durmuş ähmiýetli işlerini hemme çäreler arkaly goldamak, agzybirligi, asudalygy we syýasy durnuklylygy, bitewiligi we abadançylygy saklap, halky mundan beýläk-de has jebisleşdirmek;

- jemgyýetçilik durmuşynda kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, adalatlylyk ýörelgelerini ornaşdyrmak, adamlarda demokratik, hukuk aňyny kemala getirmek;

- döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary,  jemgyýetçilik-syýasy, döredijilik, dini guramalar we birleşikler bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklamak we arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmek;

- durmuş ýagdaýyna, milletine, jynsyna, bilimine, dinine, emläk hem wezipe ýagdaýyna garamazdan, Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň kanun öňünde deňligini üpjün etmek, şahsyýetiň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, her bir raýatyň jemgyýetdäki borçlaryny ýerine ýetirmegini gazanmak ugrunda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmek;

- pikir we wyždan azatlygyny goramak;

- jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de demokratik ýörelgeleri berkitmeklik esasynda bütin halkyň we aýratyn adamyň bähbitlerine hyzmat edýän ruhy-ahlak, durmuş, ykdysady, syýasy, hukuk we medeni özgertmeleri ýaýbaňlandyrmagy goldamak;

- Türkmenistanda bilimi, ylmy, öňdebaryjy tehnologiýany we tehnikany, milli medeniýeti we dili, halkyň däp-dessurlaryny, Watana bolan söýgüni ösdürmäge gönükdirilen syýasaty we işleri goldamak, ata-babalarymyzyň milli mirasyny goramak we ösdürmek;

- ylmy we ylmy-tehniki gözlegleri, innowasion çözgütleri, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy goldamak, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine hemme çäreler arkaly ýardam bermek;

- adamlarda watansöýüjiligi, il-günüňe, halkyň taryhyna, milli medeniýetine, döwlet nyşanlaryna buýsanç we guwanç duýgusyny, halka, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylygy terbiýelemek;

- medeniýete döwletiň we jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýokary derejede üns bermegine ýardam etmek, döredijilik erkinligini goldamak;

-  adamlaryň wyždan azatlygynyň doly berkarar bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýän Demokratik partiýa adamlaryň dini ynançlaryna, ygtykatlaryna hem-de duýgularyna uly hormat goýýar, ýöne syýasy maksatlary amala aşyrmak, milletara çaknyşyklaryny tutaşdyrmak, başgalaryň dünýägaraýşyna çydamsyz garamak üçin dini peýdalanmak düýpgöter bolmaz diýip, çürt-kesik hasap edýär;

- Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşaýan ähli milletleriň we halkyýetleriň ruhy durmuşynda öz ykballaryny özleriniň kesgitlemeklerine bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmek;

- Türkmenistanyň ähli döwletler bilen hoşmeýilli gatnaşyklara, birek-birege hormat goýmaga we deňhukukly hyzmatdaşlyga daýanýan parahatsöýüjilikli “Açyk gapylar” syýasatyny giňden düşündirmek, wagyz-nesihat etmek, bu syýasatyň mundan beýläk-de dabaralanmagyna ýardam bermek;

- halkara gatnaşyklarynda oňyn bitaraplyk, hoşniýetlilik, içerki işlere goşulyşmazlyk, deňhukuklylyk, özara düşünişmeklik, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak esasynda beýleki ýurtlaryň halklary, öňdebaryjy dolandyryjy syýasy partiýalary hem-de jemgyýetçilik guramalary we  birleşikleri bilen dostlukly, hoşniýetli aragatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek arkaly Türkmenistanyň döwletara dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etmek;

 

Türkmenistany senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmeklige gönükdirilen uzakmöhletleýin ykdysady milli maksatnamalaryny işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge, bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde halkyň bolelin, eşretli durmuşyny üpjün etmäge, ýokary tehnologiýalary ele alan we täze şertlerde işlemeklik ukybyna eýe bolan hünärmenleri ýetişdirmäge işeňňir gatnaşmak;

- senagatyň hemme pudaklaryny, ylaýta-da gaýtadan işleýän önümçiligi ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak esasynda ösdürmek, nebiti, gazy we beýleki tebigy baýlyklary özleşdirip, olary halkyň eşreti üçin peýdalanmaga ýardam etmek;

- ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyny özleşdirmek bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlik ukybyna eýe bolan harytlaryň öndürilişini ýola goýmaga, öňdebaryjy tehnologik täzelikleri  önümçilige ornaşdyrmaga ýardam etmek;

- ähli ugurlarda hususyýetçiligi goldap, halk hojalygynyň aýry-aýry pudaklarynda önümçilik serişdelerini hususyýetleşdirmek baradaky maksatnamanyň amala aşyrylmagyna, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň kadaly ösmegi üçin deň şertleriň döredilmegine ýardam etmek;

- Türkmenistanda oba hojalygyny düýpli özgertmäge gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň galla, gök, miwe, et, süýt we beýleki azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegine, ýurdumyzda pagtanyň we bugdaýyň bol hasylynyň öndürilmegine ýardam etmek, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak;

- döwletiň salgyt-býujet, pul-karz, baha emele getiriş syýasatyny halkyň peýdasyna ösdürmäge, kämilleşdirmäge we durmuşa geçirmäge ýardam etmek;

- önüm öndürýän kärhanalaryň hem-de birleşikleriň ykdysady işeňňirligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga partiýa işjeňleriniň we  agzalarynyň giňden gatnaşmagyny we täsir etmegini gazanmak;

- ykdysadyýeti dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini yzygiderli kämilleşdirmäge, netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmäge işeňňir gatnaşmak;

- täze önümçilik kuwwatlyklarynyň gurulmagyna ünsi güýçlendirmäge, ahyrky önümiň özümizde öndürilmegini giňden ýola goýmaga, telekeçiligi, täjirçiligi ösdürmäge ýardam bermek;

- Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmak üçin ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny önümçilige  giňden ornaşdyrmaga ýardam etmek;

- Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň giňelmegine we çuňlaşmagyna, onuň özara peýdaly şertler esasynda dünýä ykdysadyýetine işeňňir goşulmagyna, «Açyk gapylar» syýasatynyň mundan beýläk-de has-da rowaçlanmagyna goldaw bermek.

 

III. TÜRKMENISTANYŇ    GELJEGI   IŞEWÜR,   BAŞARNYKLY, BÄSLEŞIGE          UKYPLY   ADAMLARA      BAGLYDYR

 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Milli Liderimiziň adamlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak, hemme ugurlarda biziň döwrümiziň ähli aragatnaşyk we multimediýa tehnologiýalaryny ele alan işgärleri we hünärmenleri, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän iş dolandyryjylary ýetişdirmek baradaky tagallalaryny doly goldaýar. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy:

- Türkmenistandaky her bir adamyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, dynç almaga, saglygyny goramaga, bilim almaga, maşgala gurmaga, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny edinmäge, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmaga, durmuş taýdan doly üpjün edilmäge bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy tarapyndan kepillendirilen hukuklaryny goramaga ýardam etmegiň;

- Türkmenistanda täze iş ýerlerini döretmäge, zähmete ukyply adamlaryň iş bilen doly üpjün edilmegini gazanmaga, işsizligiň öňüni almaga gönükdirilen syýasaty goldamagyň;

- býujet serişdelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň hünärmenleri bilen bäsleşige ukyply ylmy, dolandyryş, inžener-tehniki elitanyň täze neslini ýetişdirmäge gönükdirmegiň;

- bilim almagyň her bir adam üçin öz ukybyna görä elýeterli bolmagyny üpjün etmek baradaky şahsyýetiň kanuny hukuklaryny goramak, zehinli ýaşlaryň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanmagyny gazanmak, mugt bilim almagy saklamak bilen tölegli okuwyň hem kanuny esasda guralmagyny goldamak, ýaş nesle bilim berlişini dünýä derejesine ýetirmäge hemme çäreler arkaly goldaw bermegiň;

- jemgyýetiň, döwletiň hem şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak barada alada edip, ruhy taýdan baý, sowatly, täzeçe pikirlenýän, kämil şahsyýeti, adamlary terbiýelemegiň;

- şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň doly abadanlaşdyrylmagy, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn ösdürilmegi baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, ilatyň agyz suwy, gaz, elektrik energiýasy, duz, lagym ulgamlarynyň hyzmaty bilen mugt üpjünçiligini, azyk önümleri we beýleki gündelik zerur harytlar bilen doly üpjün edilmegini, aragatnaşyk, ulag, söwda, durmuş hyzmatynyň mundan beýläk-de elýeterlikli ýokary derejede ýola goýulmagyny gazanmagyň;

- Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryndan ugur alyp, maşgalany pugtalandyrmak we oňa hemmetaraplaýyn kömek etmek, eneleri we çagalary hukuk, durmuş hem saglyk taýdan goramak, çagalary ösdürip kemala getirmekde, terbiýelemekde maşgalanyň, mekdebiň, mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň, saglygy goraýyşyň, döwletiň hem-de jemgyýetiň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, jemgyýetde aýallaryň hem-de erkekleriň deňhukuklylygyny goramak, neşekeşlige we beýleki ýaramaz nogsanlyklara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň;

- maýyplaryň, uruş we zähmet weteranlarynyň, ýalňyz eneleriň, köp çagaly maşgalalaryň, talyp we okuwçy ýaşlaryň durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada Türkmenistanda edilýän aladalary doly goldap, sagdyn ýaşaýyş keşbini wagyz-nesihat etmek, giňden düşündirmek we muňa ýardam bermegiň;

- dünýä standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmeklige, ýaşaýyş gurşawyny sagdynlaşdyrmaklyga hemaýat etmegiň;

- Türkmenistanyň ähli ýerinde ekologik ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, «Gök guşak» zolaklarynyň ösdürilmegine, tebigy baýlyklary goramaga we rejeli ulanmaga, daş-töweregi arassa saklamaga ýardam etmek;

- milletiň saglygynyň daşky gurşaw hem-de sagdyn ýaşaýyş durmuşyny kemala getirmek bilen bagly bolýandygyny göz öňünde tutup, ekologiki taýdan goragly önümçiligiň, sportyň we bedenterbiýäniň ösdürilmeginiň, çilime, neşekeşlige we beýleki ýaramaz endiklere göreşi ýitileşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

IV. ÝURDY MUNDAN BEÝLÄK HEM DEMOKRATIÝALAŞDYRMAK  SYÝASY,  DURMUŞ - YKDYSADY ÖSÜŞIŇ ÇEŞMESIDIR

 

2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasiýada kabul edilmegi duňe bir jemgyýetde bolup geçýän oňaýly özgerişleri berkitmeklige däl, eýsem olaryň has hem ýokarlanmagyna - täze demokratik jemgyýetçilik gurluşynyň berkararlanmagyna esas döretdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurtda demokratik ýörelgelere esslanýan döwrebap, netijeli we bäsleşige ukyply syýasy ulgamyň kemala gelmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Ol demokratiýalaşmagyň ýurdumyzyň täzeleniş döwründe öňe sürlen uzakmöhletleýin wezipeleri amal etmekligiň usuly bolýanlygyna we bagtyýarlyga gönügen döwletiň kämilleşmegine we jemgyýetiň özgerişine, geljekki ajaýyp açyşlara, beýik işlere we uly üstünliklere esas boljakdygyna berk ynanýar.

Täze redaksiýada kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýat jemgyýetiniň syýasy wezipeleriniň berkemegine tarap aýgytly ädim boldy. Demokratiýalaşmagyň täze döwri demokratik jemgyýetiň has çalt ösüşine gulluk eder. Bu bolsa jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň sazlaşygynyň has ýokarlanmagyna getirer. Raýat jemgyýetiniň edaralarynyň işewürleşmegine, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna raýatlaryň işjeň gatnaşmagyna, adamlaryň raýatlyk medeniýetiniň kemala gelmegine we ösmegine täze esaslar döreder.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetçilik birleşmeleri we guramalary, kärdeşler arkalaşyklary, ähli raýatlar kanunçykaryjy çözgütleri kabul etmekligiň konseptual pikiri öňe sürmek we işläp düzmekde başlanýan tapgyrlaryň ählisine täsir etmeklige mümkinçilige eýe bolmaly. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy şeýle täsirliligi demokratik ýörelgeleriň esasynda gazanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Demokratik partiýa özbaşdak köpçülikleýin jemgyýetçilik gurama bolan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň zähmetkeşleriň  ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini gowulandyrmaga, döwlete degişli pudaklara hem, hususy pudaklara hem iş berijileriň öňünde zähmetkeşleriň bähbitlerini durmuş taýdan goramaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge gönükdirilen aladalaryny goldaýar. Demokratik partiýa bazar ykdysadyýetine işewür girişilýän döwürde zähmet üpjünçiligi baradaky derwaýys meseleleri çözmekde, zähmet şertnamalaryň esasynda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmeklikde, sagdyn we tehniki taýdan howpsuz zähmet üçin amatly şertleri döretmekde hem-de şol şertleriň ýerine ýetirilmegine döwlet we jemgyýetçilik gözegçiligini ýokarlandyrmakda,  adamlaryň zähmet babatda başlangyçlaryny işewürleşdirmekde, zähmete adalatly hak tölemekde, zähmetkeşleriň we olaryň maşgalalarynyň durmuş goraglylygyny, kadaly dynç alşyny guramakda Kärdeşler arkalaşyklary bilen agzybir hereket edýär.

Demokratik partiýa aýal-gyzlaryň, eneleriň ýurdumyzyň bitewiligini, abadançylygyny, asudalygyny pugtalandyrmakda, olaryň gülläp ösmegini gazanmakda, halka, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly nesillerimizi kemala getirmekde, her bir maşgalanyň mukaddes ojagyny, agzybirligini, jebisligini gorap saklamakda edýän uly yhlasyna, bitirýän asylly işlerine, goşýan mynasyp goşandyna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň zenanlaryň döwlet, zähmet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramak ugrunda alyp barýan ajaýyp işlerini, aýdyň ýörelgelerini, päkize umyt-arzuwlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar, onuň bilen ysnyşykly işleýär, oňa ýardam berýär.

Ýaşlar Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geljegidir. Şu mynasybetli Demokratik partiya ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, syýasy taýdan ösen, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, sagdyn durmuş keşbine eýe, durmuşa diňe sarp ediji hökmünde garamaýan, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan hakyky watançylary terbiýelemek, ýaşlaryň aňynda täze dünýägaraýşy emele getirmek barada uly aladalary eder.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen sazlaşykly, arkalaşyp işlemegi, ýaşlary syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni-ahlak meseleleri çözmek baradaky işlere giňden çekmäge ýardam bermegi, ösüşler we özgerişler syýasaty, beýik tutumly ýörelgeleri esasynda olaryň arasynda syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrmagy, ýaşlary partiýa hataryna çekmegi, olara milletimiziň gadymy köklerinden gelýän demokratik gymmatlyklaryň häzirki döwrüň saýlawly demokratiýasynyň çuň many-mazmunyny açyp görkezmegi özüniň esasy wezipeleriniň biri hasaplaýar.

Demokratik partiýa Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň  guramasynyň, ýurdumyzyň ýaşulular, döredijilik we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de birleşikleriniň işini hemmetaraplaýyn goldaýar, olaryň durmuş tejribesini öwrenip, olar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, haýyr-sahawat, medeni,    aň-bilim, bedenterbiýe-sport we beýleki meýletin jemgyýetler, guramalar hem-de birleşikler bilen hemmetaraplaýyn aragatnaşykly iş alyp barýar.

Şu işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagy üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasy geljekde hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has täsirli we täze şertlerde işlemeklige ukyply, ilatyň goldawyna daýanýan partiýa bolup çykyş eder.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ösüş we innowasiýalar döwründe raýat jemgyýetiniň ähli edaralarynyň işewür ösmekliginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Partiýa Milli Liderimiziň raýat jemgyýetini berkarar etmek ugrunda edýän tagallalaryny durmuşa geçirmeklige işewür gatnaşar.

Demokratik partiýa adam hukuklarynyň çäklendirilmegini, bozulmagyny, kemsidilmegini, mejbur etmeleri,  ahlak-syýasy yzarlamalary, syýasy, milli, dini we jynsy garşy durmalary, milletçiligi, jynsparazlygy, urşy we dawa-jenjeli wagyz etmegi aýgytly, berk ýazgarýar we düýpgöter ret edýär.

Türkmenistanyň halk häkimiýetiniň ýokary we ýerli wekilçilikli, döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralary bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, häkimlikleriň, geňeşlikleriň işine ýakyndan kömek bermek, olaryň garamagyna hödürlenýän taslamalardyr nazarlanmalara, tekliplere syýasy baha we goldaw bermek, Türkmenistanyň Prezidentiniň  syýasatynyň, ýörelgesiniň, beýik tutumlarynyň amal edilmegine, il bähbitli kanunlaryň hem-de kararlaryň kabul edilmegine we durmuşa geçirilmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maksadydyr, wezipesidir.

Demokratik partiýa döwlet dolandyryş edaralarynyň işini öňdebaryjy usullaryň giňden ornaşdyrmak arkaly, mundan beýläk hem işewür alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ähli derejelerinde maglumat üpjünçiliginiň we ýerli öz-özüni dolandyryşyň kämilleşdirilmegini gazanýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy saýlawly demokratiýanyň ösdürilmegini, saýlaw ulgamynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegini goldaýar. Ol ýurtda açyk we bäsleşikli saýlawlaryň geçirilmeginiň, ses bermeklige we olaryň netijelerine mundan beýläk hem jemgyýetçilik gözegçiligini güýçlendirmegiň gerekdigini belleýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özgerdiji güýjüne daýanyp, syýasy-düşündiriş, wagyz-nesihat  işleri, hereketleri bilen halkyň ynamyny gazanyp we öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegi özüniň esasy borjy hasap edýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňe sürlen başlangyçlaryň giňden durmuşa ornaşmagyna, Türkmenistanyň demokratik taýdan pajarlap ösmegine ýardam etmek isleýän, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyny doly goldaýan her bir adam üçin Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň gapysy açykdyr we bu ugurda TDP  her bir döwlet edarasy, jemgyýetçilik guramasy, birleşmesi, her bir adam we adam toparlary bilen bilelikde işleşmäge hemişe taýýardyr.