Mary welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi

Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň ynanylan wekili — TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty K.Gurbanow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň ynanylan wekiline — Hormatly il ýaşulusy H.Öwlýagulyýewe söz berdi. Ol zähmetsöýerligi, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek hem-de onuň halkara abraýyny pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça möhüm meseleleri çözmekde jogapkärçilikli, başlangyçlar bilen hem-de ýokary hünär derejesinde çemeleşmegi wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň esasy häsiýetli aýratynlyklary hökmünde belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Dalaşgär ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine öz garaýşyny beýan edip, ähli pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak ileri tutulýan ugurlary bolan döwlet syýasatyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, sebitleriň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda uglewodorod serişdeleriniň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gaýtadan işlemek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, ýygnamak we ibermek bilen bagly işleri tutuşlygyna awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýeleýän elektroenergetika toplumyna aýratyn ähmiýet berler. Bu babatda geljek ýyllarda pudagy ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça işler çaltlandyrylar. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitlerde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan gazturbinaly elektrik beketleri, elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketlerini gurmak, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek meselesine mundan beýläk-de uly üns berler. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durmuş we önümçilik maksatly desgalar gurlar, täze iş orunlary dörediler, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berler, ýeňil senagat ösdüriler.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, tebigy-howa şertlerine laýyklykda, welaýatda obasenagat toplumyny ösdürmek, miwe we gök-bakja önümleriniň, dänäniň, pagtanyň, piläniň önümçiligini ýokarlandyrmak, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak hem saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda-da oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almak, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ekerançylar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler.

Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine, hususan-da, Mary —Türkmenabat, Mary — Serhetabat awtomobil ýollarynyň, sebitiň awtoulag ýollarynyň, köprüleriň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygyna uly üns berler.

Dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, geljekde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” amala aşyrylmagyna aýratyn üns beriljekdigini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek, etraplarda täze, döwrebap şäherleri gurmak maksady bilen anyk işleriň ediljekdigi, ýaşaýyş jaýlarynyň guruljakdygy, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyryljakdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallygyny beýan edip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda ähli bilimini we tejribesini ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny netijeli ulanmagyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.