Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady

Bagtyýar, eşretli, abadan hem asuda durmuşyň eýesi bolan türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy ösüşleriň şaýady bolup, toý-baýramlaryny uludan toýlaýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Şu günler bolsa halkymyz özüniň baş baýramyna — Garaşsyzlyk gününe giňden taýýarlyk görüp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreler ýurdumyzyň çar künjeginde bagtyýar durmuşymyzyň aýdyň nyşany hökmünde uly dabaralara beslenýär.

«Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýan Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň nusgalyk derejä ýetendigini bellemek ýakymlydyr. Berkarar döwletiň bagtyýar raýaty hökmünde öz ýaşaýan obamyzda, şäherçämizde, şäherimizde durmuşa geçirilen özgertmelere, ýetilen belent sepgitlere ser salanymyzda-da, Garaşsyzlygyň gadyr--gymmatyna, beren bagtyna aňryýany bilen göz ýetirmek bolýar. Üstümizdäki ýylyň 29-njy iýunynda bolup geçen şanly hem şöhratly waka bolsa Garaşsyzlygyň beren bagtynyň ummasyzdygynyň, şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady taýdan dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun alandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol taryhy senede hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň açylmagy binýady Gahryman Arkadagymyz tarapyndan goýlan beýik işleriň hem-de tutumlaryň dowamat-dowamdygynyň aýdyň güwäsi bolup dabaralandy. «Akylly» şäher ýörelgesi esasynda gurlan nusgalyk şäheriň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini hem bütin äleme aýan etdi. Bu şanly waka döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň ajaýyp durmuş hakykatyna öwrülýändiginiň özboluşly güwäsi bolup dabaralandy.

Hawa, halkymyz naýbaşy baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny uly tutumlara, zähmet üstünliklerine besleýär. 32 ýyl taryhy jähetden alanyňda örän ujypsyz möhlet. Ýöne şöhrata beslenen şol gysga döwrüň içinde döwletimiziň halkara abraýy, ykdysady kuwwaty günsaýyn artdy, oba-şäherlerimiz täze keşbe girdi, täze obalar, şäherçeler, şäherler döredildi, dürli durmuş we medeni maksatly binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berildi, ähli ugurlar boýunça toplumlaýyn maksatnamalar kabul edilip, ägirt uly işler amala aşyryldy. Bu beýik işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi bolsa, kalplardaky buýsanjy has-da artdyrýan ajaýyp hakykatdyr.

Nurbibi Dädebaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri

"Balkan" welaýat gazeti

07.09.2023 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Balkanabat şäher komiteti