Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uludan bellemegiň bosagasynda. Watanymyzyň naýbaşy toýunyň şanyna ýurdumyzyň sebitlerinde dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilýän desgalar we düýbi tutulýan gurluşyklar ulus-ilimiziň şatlygyna şatlyk goşýar.
Gadymy Ahal ýaýlasy hem bu gün toý keşbinde. Welaýatymyzyň etrap merkezlerinde, obadyr şäherçelerinde Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralar giň gerime eýe bolýar. Önümçilik kärhanalarynyň işçi-hünärmenleri zähmet gadamlaryny barha batlandyrýarlar, pagtaçy daýhanlarymyz «ak altyn» harmanynyň beýgelmegi ugrunda yhlaslylyk görkezýärler, gallaçylarymyz bolsa, güýzlük bugdaý ekişini wagtynda tamamlamak hyjuwy bilen tutanýerli işleýärler. Munuň özi zähmetsöýer halkymyzyň Watanymyzyň baş baýramyny mynasyp derejede garşylaýandygynyň güwäsidir.
Ýeri gelende, şu şöhratly ýyly welaýatymyzyň gallaçy daýhanlarynyň we ýüpekçileriniň uly zähmet üstünligine besländigini agzamak has-da ýakymly. Gallaçylarymyz däne ýetişdiren 195 müň gektar ýerde guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny öndürip, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Ýüpekçilerimiz ýokary hilli çig piläniň 155 tonnasyny taýýarlap, tabşyryga abraý bilen hötde geldiler. Ekerançylarymyz ýazlyk gök-bakja ekinlerden ýokary hasyl alyp, häzirki wagtda güýzlük ekinleri ýetişdirmekde gujurly zähmet çekýärler.
Biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Watanymyzyň ösüş-özgertmelerini, içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikleri, ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalary ilat arasynda yzygiderli wagyz etmekde tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Berkarar Watanymyzy rowaç alýan ösüşleriň mekanyna öwren, halkymyzy eşretli günlere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
18.09.2024 ý