Önümçiligiň kuwwaty artdyrylýar

Diýarymyzda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýan häzirki zaman kärhanalar gurlup, önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Bu bolsa diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has hem gowulanmagyna ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine özüniň uly goşandyny goşýan önümçilik kärhanalarynyň biri-de Balkan welaýat «Azyk» önümçilik birleşigidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu önümçilik birleşiginde şu ýylyň 8 aýynyň jemi boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 122 göterime ýetirildi we ösüş depgini 105 göterime deň boldy.

«Azyk» önümçilik birleşigi boýunça halkyň sarp edýän önümleriniň esasy görnüşlerini öndürmegiň meýilnamasy doly üpjün edildi. Olardan tehniki pagta çigidini gaýtadan işlemekde, süýt we süýt önümlerini, et we et önümlerini taýýarlamakda meýilnama 100 göterim, mesge ýagyny öndürmekde 128,6 göterim, ösümlik ýagyny öndürmekde 82,61 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň agzybir işgärleri, «Azyk» önümçilik birleşiginde zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda bolup, zähmet bäsleşiklerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirip, göreldeli zähmet çekýän partiýa agzalaryny Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen höweslendirýärler. Bu bolsa birleşigiň işgärlerini zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün etmekde, azyk bolçulygyny döretmekde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň il bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Şamyrat Akmämmedow, TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy, Balkan welaýat halk maslahatynyň agzasy

“Watan” gazeti

22.10.2024 ý

 

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Gyzylarbat etrap komiteti