Döwrüň täze belentliklerine tarap

Halkymyzda «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň miras goýan gymmatlyklaryna ygrarlylyk, bagtly geljek üçin täze başlangyçlar örboýuna galyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda merdana halkymyzy uly sepgitlere alyp barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda pederlerimiziň arzuwlan bagtyýar zamanasy dowamat-dowam bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, ykbaly göterilen türkmeniň bu gün at-owazasy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän nusgalyk işler dünýä dolýar.

Häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygynyň ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy alyp barmagyň, oňyn halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilmegi parlament diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisi, türkmen-koreý geňeşme maslahatyny, parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny hem-de «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümleri öz içine alan duşuşyklar bu ugurdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikler meýdançasy bolup hyzmat etdi.

Türkmen halkynyň baý milli medeniýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen häzirki wagta çenli taryhy we milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň taryhy we medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bilşimiz ýaly, dünýä halklary üçin ähmiýetli taryhy hem medeni miras ÝUNESKO tarapyndan öwrenilip, ýörite sanawa girizilýär. Ýurdumyzyň milli hödürnamasy esasynda, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar diňe bir atşynaslary däl, eýsem, tutuş halkymyzy buýsandyran wakalaryň biri boldy. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlara uzaýan taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýan ýene-de bir şanly wakadyr. Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, olaryň dünýädäki şan-şöhratynyň belende galdyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada oňyn netijelerini berýär. Bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz bütin dünýäde parahatçylygyň we abadan durmuşyň, ynanyşmagyň höküm sürmeginiň aladasyny edip, abraýly halkara guramalaryň belent münberlerinde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Dünýä halklaryna ýagşylyk ýaýýan teklipler bilen yzygiderli çykyş edýän hormatly Prezidentimiziň agzybirlige, ynanyşmaga çagyrýan, ynsanperwerlige ýugrulan syýasaty mydama rowaçlyga beslensin!

Aýsoltan Nurmedowa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

24.10.2024 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti