Ak mermerli paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherinde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bagtyýar zamanamyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Bu günki gün Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär. «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleriniň peýdalanylyp, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň doly abadanlaşdyrylandygyny hem-de degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary şatlykly waka mynasybetli guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabarada çykyş edenler täze taryhy döwrüň türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň eýýamyna öwrülendigini buýsanç bilen belläp, täze ýaşaýyş jaýlarynyň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat bolandygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş-hoşallyklar belentden ýaňlandy.
Bu ýerde ýaşaýjylaryň mynasyp dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen seýilgähiň gurlup, onuň çäginde dürli görnüşli saýaly baglaryň ekilmegi ýaşaýyş toplumyna aýratyn bezeg berýär. Munuň özi adam hakyndaky ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň nyşanydyr.
Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baran maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Bizem bagtdan paýly ildeşlerimiziň şatlygyna goşulyp, Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edýäris.
Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
22.09.2024 ý